...
Bagtly men,
Arzuwym arşa göterip,
Wysal eýlän bir gözeliñ barynda.
Pelek ony maña sowgat beripdir,
Hem műdimi salyp kalbym törinde.
Bu durmuşyñ çekilmesiz derdini,
Melhem saýyp ýuwutdym men içime.
Saýlamadym öñýeteni, her kimi,
Goradym men ony söýgim űçinem.
Dözdim ähli jepalaryñ yzasyn,
Ejiz göwnim haraý tapman ezildi.
Ýakyp barýan aýralygyñ jöwzasyn,
Söndiren hem ýeke şol bir gözeldi.
Söýdim,
Söýildimem,
Bagtymda bolsa,
Ýene kän zat ýazylandyr ýazgyda.
Oñ bilen bir gűni ölmeli bolsam,
Başka hiç zat islemerin özgeden.
Perman Halgylyjow
Arzuwym arşa göterip,
Wysal eýlän bir gözeliñ barynda.
Pelek ony maña sowgat beripdir,
Hem műdimi salyp kalbym törinde.
Bu durmuşyñ çekilmesiz derdini,
Melhem saýyp ýuwutdym men içime.
Saýlamadym öñýeteni, her kimi,
Goradym men ony söýgim űçinem.
Dözdim ähli jepalaryñ yzasyn,
Ejiz göwnim haraý tapman ezildi.
Ýakyp barýan aýralygyñ jöwzasyn,
Söndiren hem ýeke şol bir gözeldi.
Söýdim,
Söýildimem,
Bagtymda bolsa,
Ýene kän zat ýazylandyr ýazgyda.
Oñ bilen bir gűni ölmeli bolsam,
Başka hiç zat islemerin özgeden.
Perman Halgylyjow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет