Rowayat.
Rowayata görä gündogaryñ meşhur şahyry Saady ýüz ýaşynda (ol bir hasaba görä ýüz ýedi ýyl, başga bir hasaba görä ýüz on ýyl ýaşapdyr) uly toý tutulypdyr. Şol toýda oña: "Ömrüñiziñ seýrek uzaklygyna, Allatagalanyñ garaşygyndan daşary, nämeler sebäp bolandyr öýdýärsiñiz?" diýip sorag beripdirler:
--Men ömrümde mertebä, baýlyga kowalaşmadym. Sebäbi, mertebä kowalaşyp büdreýän, baýlyga kowalaşyp tozýan kän. Ine-gana ýatyp turmak ynsan üçin howadan soñraky zynatdyr. Galyberse-de, durmuşda haram iýmedim, haram işe baş goşmadym. Halaly-haramy saýgarmak ynsan durkunyñ diregidir. Ol durka ganat berýän umyt, sabyr-takatdyr. Men dört ýyla golaý haçly ýörişe gatnaşyjylara ýesir boldum. Şonda-da sabyr-takady elden bermedim, bu näletli günlerem başdan sowular diýen umyt bilen ýaşadym. Ýesirçilikden dessine sag-aman gutulanlaram boldy, şolara-da sähelçe göripçilik etmedim. Göripçilik ynsanyñ süññüni duýdansyz çokalaýan gurçukdyr.
Oturanlardan biri:
--Siz söýgini köp wasp etdiñiz, köp setir düzdüñiz. Bu barada näme aýdyp bilersiñiz?--diýip sorapdyr. Saady şeýle jogap beripdir:
--Men söýgini wasp etdim. Emma onuñ jeññelligine özümi atmadym. Ynsana söýgüde-de galyp gerekdir.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария