Öýüñ-maşgalañ gadryny olardan daşda bolamda has gowy bildim. Näçe işläp ýadasañam maşgalañ hakda gyzyklyja geçmişiñi ýatlamak, süýjiden süýji arzuw hyýallar ýüwürtmek ýadawlygñy, gaharyñy, käte içi jugurdysyny unutdyrýar. 3 hepde wirtual durmuş bilen aramy kesdim. Bir gezegem internet, wifili ýerde wifi açmadym. Ýadap öýe gelip, iýip-içip, suwa düşüp ýerime geçemde käbir alan kitaplarmy dowam etmäge çalyşdym. Bolmady. 3 hepde de 75 sahypa. Kitap 52 gyzyk bolanda da, adam bedeniniñem belli bir derejede çydamlylygy bar. Guje alýan 3-4 sagatlyk uky hem uzak günki iş bilen kyn bolýar. Käte lapykeç bolýan: "Ömrümi hysyrdap geçirmelimi?! Haçana çenli?!. Jigiñe etdiñ, çagaña etdiñ, olara arkaýyn okamaga şert döretdiñ diýeli, olañ öz dünýäsi, öz arzuw hyýallary bar. Señ bolsa başgarak dünýäñ bar. Eýsem señ edesiñ gelen zatlary bular edermi, öziñi aldamak gerek däl, ýene Ýere näçe kişi gelip-geçende de señ ömrüñi, señ arzuwlarñy gaýtalan 1je kişem bolmaz..." we.s.m...

Garaz şeýleräk, dostlar. Sizi unudamok.  Kate gelesim gelyar. Heriñiziñ özüñize mahsus häsýetjiklerñizi ýatlaýan. Ýazsam ýazyp oturmaly, ýone biraz ýadaw. Birzatlar ýazasym gelip, birine derdinesim gelip(hem siz bn gurriñ edesim gelip) ýazanlam boldy. Salamat geziñ!

@Ötegçi

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Ötegçi tarapyndan 28-08-2022, 23:15

  • Haýdarofff Haýdarofff off № 1 28 августа 2022 23:46
    Indi ötüp gidiberjekmi cilimkesh
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 2 29 августа 2022 07:00
    Haydarofff, elimiñ degdiginden gelip durasym gelyar. Gormeli dä...
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 3 29 августа 2022 07:00
    Barde goýulýanlaram okasym gelyar wln, elim degenokda..
    Jogap
  • Kleopatra Kleopatra off № 4 29 августа 2022 12:25
    Öläga,patdyllap-putdullap garagyň aksyn
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler