Haýyş
Rugsat ber, gözüňde baky galaýyn,
Galaýyn men gursagyňda yşk bolup.
Mähriň gujagyna oklanan söýgim,
Seriňi sämetsin anbar-müşk bolup.
Ejaza ber düýşleriňe girmäge,
Sal meni hyýallaň goýnuna,dünýäm.
Görküň gözlem üçin synagdyr, şertdir,
Men bagt diýlende saňa düşünýän.
Beren güllerimi algyn, ezizim,
Olar yşgyň mähri bilen idelen.
Köl suwy deý gujagyňa ýygna sen,
Gögüň Aýy bolup baksam gijeler.
Agzym gurap, yşk çölünde gezmişem,
Käsä guýup kalbyň uzat, ganaýyn.
Bagtymy bagtyňa bagla sen,dünýäm,
Rugsat ber, gözüňde baky galaýyn!
Aşyr Hanow
Galaýyn men gursagyňda yşk bolup.
Mähriň gujagyna oklanan söýgim,
Seriňi sämetsin anbar-müşk bolup.
Ejaza ber düýşleriňe girmäge,
Sal meni hyýallaň goýnuna,dünýäm.
Görküň gözlem üçin synagdyr, şertdir,
Men bagt diýlende saňa düşünýän.
Beren güllerimi algyn, ezizim,
Olar yşgyň mähri bilen idelen.
Köl suwy deý gujagyňa ýygna sen,
Gögüň Aýy bolup baksam gijeler.
Agzym gurap, yşk çölünde gezmişem,
Käsä guýup kalbyň uzat, ganaýyn.
Bagtymy bagtyňa bagla sen,dünýäm,
Rugsat ber, gözüňde baky galaýyn!
Aşyr Hanow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария