Çuňňur oý-pikire goýup başymy...
Çuňňur oý-pikire goýup başymy
Goşgy ýazma, mejbur eden sen dälmi,
Käte gizlin süpürip, gözýaşymy,
Aglamaga mejbur eden sen dälmi!?
Aşyk edip kän gözeliň yşgyna,
Joşdyrdyň sen , bezeg berdiň goşgyma,
Dolap aldyň, geçen ýolum, ýaşlygma,
Ýatlamaga mejbur eden sen dälmi!?
Senden başga bilýän ýokdur görenmi,
Kän görmesin Alla maňa berenni,
Ýeke men däl ähli ynsan ýüregni,
Para-para edip goýan sen dälmi!?
Sensiz ýaňlanmaýar aýdym, gazaly,
Sensiň ähli ýürekleriň özeni,
Aşyk ed:p, bagş etdiň, maňa Gözeli,
Duýgylaryň beýgi, söýgi, sen dälmi?
Remezan MÄMETGURBANOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий