Bu döwür - ýönekeý adamyñ bagtynyñ daş ýarýan - duýgusyzlygyñ, bilimsizligiñ, ýaltalygyñ, başarnyksyzlygyñ, taýýar aşyñ eýesi bolmak isleýän nesliñ döwri.
Hiç kim hiç zadyñ üstünde ýöriteläp pikirlenmeýär. Özüne belli bir maksat tutunyp ýaşaýan ýok diýen ýaly. Umydygär biri öñe çykyp iki sany nahal ekse, öñýeten: "Aý, senem-ä, şu agaç ulalýança ýaşajagyñy bir bilýäñmi?" diýip gülýär, beýleki bir tarapdan ýagşylygy özüne ýörelge edinenler adamzadyñ müñ ýyldan soñky ertesini gaýgy edýärler.
Adamlary biri-birine ysnyşdyrýan gymmatlyklar ýitdi, ýitirim boldy. Hemmeler ertir ir bilen nirädir bir ýeri güm bolup gidäýjek ýaly ýaşaýar. Hemmeler diñe özüni bilýär. Öz toplap bilenjesini toplasa bolýar, galanlar aç ölsün, doñup ölsün, bildirýän ýeri ýok.
Dostoýewski.
Terjime eden: Has Türkmen.
•••
Bilim,
Telwas
tarapyndan
8-09-2022, 17:07