Eje - ýönekeý bir söz ýaly, okaýas, geçýäs, gidýäs. Kän gabat gelýänem bolsak şeýle, okaýasda, Eje bu - Ejeda diýýäsde ünsimizi sowaýýas. Birýerlerdäki tanamaýan - bilmeýänlerimiziň göwnini awlaýas welin, öýdäki hysyrdap ýören ejemize gabagymyzy galdyrmaýarys. Sebäbi biraz sokur biz, biraz kör biz. Eý ynsan, şuny okaýan, okap bilýän adam, saklan biraz. Telefonyň ekranyn öçürde oýlan. Ejeň ýüzini, ýylgyrşyny, seni alada edişini göz öňiňe getirip gör. Eje - bu giden bir barlyk ahyry, nämä duýmaýaň.
Ejeleň ömri uzak bolsun, hemmäň ejesi uzak ýaşasyn, InshAllah! Ýöne göz öňiňe getir Ejeň ýok. Astagfirullah! Her gün ony görip bilmeýäň, sesini eşidip bilmeýäň, onuň ýüz keşbi diňe hyýalyňda doňup galan, inni ejeň ýok, Astagfirullah! Şeýle günüň geljegi hakykata. 10 ýyldan, ýa 20, 30 ýyldan, diýeli 50 ýyldan bolsada geljegi hakykatmy!? Ejeler garrap barýa. Oýlanyň, wagt barka gadyrlaň, gujaklaň, iň bolmanda ýanyna baryň, ýüzine serediň we pikirleniň. Uzakda bolsaňyz jaň ediň, ejeler garaşýandyr. Olar hemişe garaşýandyr, giç bolmanka düşiniň. Unutmaň, Ejeň mähriçe bolmaz hiç bir mähirem.
Ejeň garrap barýa dosdum. Ejeň garrap barýa uýam. Ejeler garrap barýar.

respect!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, reSsssS tarapyndan 9-09-2022, 19:47

  • Mümkin Mümkin off № 1 9 сентября 2022 20:14
    Ejelerimiz garraýar,käbirleri garrady :((

    Ýazyp dur!
    (Tygşytlyda like basylýanym bolmansoñ basybilemok)
    Jogap
  • Esma Esma off № 2 9 сентября 2022 20:23
    • Seni ejeñ ýaly söýjek we kakañ ýaly gamyñy iýjek ýokdur. Şonuñ üçin hiç kim seniñ ýanyñda söýgiden söz açmasyn.

    Eziz Nesin.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler