1.Eger adam organizmindäki ähli demir toplansa, ol diňe sagat üçin kiçijik wint ýasamaga ýeter.
2.Çarlz Osborn atly adamy 68 ýyllap synçgylawuk tatupdyr.
3.Sagakaý adam nahary köplenç agzynyň sag tarapynda çeýneýär, çepekeý adam bolsa köpräk çep tarapda.
4.Irden adamyň boýy agşamka seredende 8mm uly bolýar.
5.7 aýa çenli bolan ýaşdaky çagajygyk bir wagtyň özünde hem dem alyp hem ýuwdunyp biler.
6.Gözüň fokus alyş myşsalary günde 100 müň gezek hereketlenýär. Aýak myşsalarynyň şonça gezek hereketlenmegi üçin bir günde 80 km pyýada ýöremek gerek.
7.Adamyň merkezi beýni böleginde 1 sekunt içinde 100 müň sany himiki reaksiýa geçýär.
8.Bir adam beýnisi bir günde dünýädäki ähli telefonlara seredende köpräk elektrik impulslary bölüp çykarýar.
9.Eger ekizleriň birinde haýsy bolsa-da bir dişi bolmasa adatda beýlekisinde hem şol dişi bolmaýar.
10.60 ýaşa ýeten adamlar özleriniň tagam duýuş retseptorlarynyň ýarysyny ýitirýärler.
11.Ýer ýüzündäki ähli bakteriýalaryň bary-ýogy 1%-i adamlarda kesel döredýär.
12.Sagakaýlar çepekeýlere seredende ortaça 9 ýyl uzak ýaşaýarlar.
13.Adam bedenindäki gyzgynlygyň 80%-i kelle arkaly ýitirilýär (daşa çykarylýar).
14.Aýallar erkeklere seredende gözlerini 2 esse köpräk açyp-ýumýarlar.
15.Diş - adam bedeninäki öz-özüni dikläp bilýän ýeke-täk agzasydyr.
16.Adamlardan başga koala hem unikal barmak yzlaryna eýedirler.
17.Aýallaryň ýüregi erkekleriňkä görä tizräk urýar.
18.Ýüzüňiz gyzaranda, aşgazanyňyz hem gyzarýar.
19.Adam bedeniniň gan bilen üpjün edilmeýän ýeke-täk bölegi - gözüň şa perdesidir. Ol kislorody özi howadan alýar.
20.Adam bedeninde azyndan 700 ferment işleýär.
21.Adamyň ýüregi gany 4-nji gata (etaža) göterip biler derejedäki basymy emele getirýär. Ýagny ol gany 4-nji gata çenli göterip bilýär.
22.Dünýäde çepekeýler ähli ilatyň bary-ýogy 7%-ni düzýär.
23.Adam bedenindäki leýkositler ortaça 2-3 gün ýaşaýar, eritrositler bolsa 3-4 aý ýaşaýarlar.
24.Diş dokumasy-adam bedeni tarapyndan işläp çykarylýan iň berk dokumadyr.
25.Adam 24 sagat dowamynda ortaça 4800 söz gepleýär.
25.Ýazda çagalar tizräk ösýär.
26.Planetadaky ähli adamlary, taraplary 1000 metr bolan kuba oňaýly ýerleşdirip bolýar.
27.Gözüň içindäki tor perde takmynan 650 kw.mm-i gurşap alýar we 137 million fotosensitiw bedenleri içine alýar: ak-gara görmek üçin 130 million taýajyklar, reňkli görmek üçin 7 million kolbalar.
28.Adamyň dodaklary barmaklaryň ujuna seredende ýüz esse duýgurrakdyr.
29.Adam organizminde ýaşaýan bakteriýalaryň umumy agramy 2 kilograma barabardyr.
30.Şokolad adamy akyllyrak edýändigi subut edilen.
31.El barmaklardaky dyrnaklar aýak barmaklaryndaky dyrnakalara seredende 4 esse tizräk ösýär.
32.Üsgülewik - 100 km/sagada çenli bolan tizlikde hereketlenýän howa partlamasydyr.
33.Adam derisi ýaşaýşynyň dowamynda 1000 gezek çalşyrylýar.
34.Beýniden çykan nerw impulsy 274 km/sagat (76 metr/sekunt) tizlikde hereket edýär.
35.Bedendäki umumy kalsiýnyň 99%-i dişlerde bolýar.
36.Kelläni diwara urup, sagatda 150 kaloriýa ýitirmek mümkin.
37.Ortaça ömür dowamlylygy 2 475 576 000 sekundy düzýär, bu wagt dowamynda adam ortaça 123 205 750 söz aýdyp ýetişýär.
38.Adam bütin ömri dowamynda ortaça 8 sany möýi ýuwdup goýberýär.
39.Uly ýaşly adam bir günde 23 müň gezek dem alýar we goýberýär.
40.Adamyň öýkeniniň arka meýdany takmynan tennis meýdanynyň ululygyna deň.
41.Şeker ýaranyň bitmegini tizleşdirýär - eger kiçiräk ýaranyň üstüne şeker sepilse tizräk gowlaşar we agyry tizräk kemeler.
42.Kelle 29 görnüşli süňklerden emele gelen.
43.Adama uklap galmak üçin ortaça 7 minut wagt gerek.
44.Çagalar dyz käseçesisiz dogulýar. Olar diňe 2-6 ýaşa ýetip şekillenýär.
45.Adamyň gözi 10 million reňki saýgaryp bilýär.
46.Süňk polatdan 5 esse berkdir.
47.Adam ýaşaýşynyň ortaça 2 hepdesini posalar üçin sarplaýar.
48.Sary saçly erkeklerde sakal gara saçlylara seredeniňde tizräk ösýär.
49.Adam bedeniniň düzülişi diňe 4 mineraldan ybarat: apatit, aragonit, kaltsit we kristobalit.
50.Uçarda uçýan adamyň saçynyň ösüşi uçuş wagtynda 2 esse tizleşýär.
51.Adam organizminde takmynan 2000 sany tagam duýuş reseptorlary bar.
52.Adam öz görýän düýşleriniň takmynan 90%-ni unudýarlar.
53.Ömrüniň ahyryna gelýänçä, adam ortaça 150 trillion bit maglumaty ýatlap galýar.
54.Adamlar - yzlaýyn ýatýan ýeke-täk barlykdyr.
55.Adam agzynda 40 müň töweregi bakteriýa bardyr.
56.Açyk göz bilen asgyrmak eläçsizdir.
57.Adamyň ýüregi ýaşaýşynyň dowamynda 182 million litrden köpräk gany aýlaýa.
58.Düýşde adam telewizor görendäkiden köpräk kaloriýa ýitirýär.
59.Bir tarapdaky çeýneýiş myşsalarynyň sap güýji 195 kg-y düzýär.
60.Siz şu jümläni okamagyňyzyň dowamynda 50 müňden gowrak öýjük ölüp, täzeleri bilen çalyşýar.
61.Ynsan bedenindäki gan damarlaryň umumy uzynlygy takmynan 100 müň kilometrdir
62.Adamlaryň 2/3 bölegi öpüşenlerinde kellesini sag tarapa egýärler
63.Ynsan bu dogry çyzyk zyzmak ukybyna eýe bolan janly organizmdir.
64.Adamda söýgi joşgunyna jogapkär bolan birleşme (feniletilamin) şokoladda hem bar.
65.Çaga dogulanda 300 sany süňki bolýar, ulalanda bolsa olaryň sany 206-a ýetýär.
66.Gök gözli adamlar beýlekilere seredende agyra köpräk duýgurdyr.
67.Erkek adamyň bedenindäki iň kiçi öýjükler spermatozoidlerdir.
68.Teşnelik (suwsamak) duýgusy, beden agramynyň 1% mukdarda suw ýitirilmeginde ýüze çykýar, 5%-den köpräk suw ýitirilse huşdan gitmeklige, 10%-den köpräk suw ýitirilende bolsa ölüme getirip biler.
69.Adamyň ömri dowamynda ösýän saçynyň jemi uzynlygy - ortaça 725 kilometre barabar
70.Göbegiň ylmy ady - umbilikus.
71.Adamyň bedenindäki iň güýçli myşsa dildir.
72.Sag öýken çep öýkene seredende köňräk howa sygdyryp bilýär.
73.Adamyň gözleri doglanyndan şol bir ölçegde galýar ýöne burun we gulak asla ösüşden saklanmaýar.
74.Adam beýnisiniň sygymy 4 terebaýtdan köpräkdir.
75.4 ýaşly çaga günde ortaça 450 sorag soraýar.
76.Hakyky hyjuwly posa, beýnide paraşýutdan bökmekdäki ýa-da ok atmakdaky ýaly himiki reaksiýanyň geçmegine sebäp bolýar.
77.Her ýyl müňden artyk çepekeýler sagakaýlar üçin niýetlenen mehanizmleri ulanmakda ýalňyşlyga ýol berip heläk bolýarlar.
78.Statistika görä, her 2 milliard kişiden biri 11 ýyl ömür görýär.
79.Adamyň ýüreginiň ululygy takmynan onuň ýumrugynyň ululygyna deňdir. Uly adamyň ýüreginiň agramynyň agyrlygy 220-260 gram töweregidir.
80.Dogulanda adam beýnisinde 14 milliard öýjük bolup ölýänçä bu san artmaýar. Tersine 25 ýaşdan soň olar günde 100 müňe çenli kemär. Kitabyň sahypasyny açmak üçin sarplanan bir minutda ortaça 70 öýjük ölýär. 40 ýyldan soň beýniniň degidratasiýasy (suwuň aýrylmagy) hadysasy güýçlenýär we 50 ýaşdan soň neýronlar (nerw öýjükleri) gurap, beýniniň ölçegi kiçelýär.
81.Gulagyny hereketlendirip bilýän adamlaryň arasynda diňe 1/3 bölegi bir gulagyny hereketlendirip bilýär.
82.Adam bedeniniň düzüminde ortaça: bir itdäki ähli büreleri öldürmek üçin ýeterli mukdardaky kükürt, 900 sany galam taýýarlamak üçin ýetjek uglerod (grafit), oýunjaktopdan atmak üçin gerek bolan kaliý, 7 sany sabyn taýýarlamak üçin ýetjek ýag we 50 litrli boçkany doldurmak üçin ýeterli suw bar.
83.Adamlaryň 1%-i infragyzyl, 1%-i bolsa ultramelewşe nurlary görmäge ukyply.
84.Ýylgyryş oýjugy üçin operatsiýa hökman däl ýörite maşklar hem ýetik.
85.Ýazda dem almak sany güýdäkä garanda 1/3 esse köp bolýar.
86.Erkekler 130 santimetrden, aýallar bolsa 120 santimetrden gysga bolsa kiçijik hasaplanýar.
87.Grip çagyrýan 100-den artyk dürli wiruslar bar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Mylayymzada tarapyndan 15-09-2022, 14:23

  • Mylayymzada Mylayymzada off № 1 15 сентября 2022 14:32
    Hemedany,
    Diýmek meniň ýazan maglumatym sag azy dişleri bolan sagakaýlar üçindir.
    Jogap
  • Mylayymzada Mylayymzada off № 2 15 сентября 2022 14:36
    Soňuna çenli okasaňyz köp gyzykly maglumatlary bilip bilersiňiz. Meniň özümem köpüsini okamda haýran galdym we siz bilen paýlaşmak isledim. Hem gyzykly hem peýdaly bolar diýip umyt edýärin.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 3 15 сентября 2022 15:56
    26- нжы белгидака хайран галдым. Тараплары 1000метр куб болян болса.. 1 километр боляр. 3 тарапы 1 км диймек. Гапдала ве екарык.Шолар ялы Ящик ясасан планетанын хемме адамсы ерлешермика? bahaber
    Jogap
  • Victus Victus off № 4 15 сентября 2022 19:58
    81 dogrymyka. Mena bir gulagyny hereklendiryan gormedim
    Jogap
  • Mylayymzada Mylayymzada off № 5 15 сентября 2022 20:28
    Victus,
    Birinjiden adamlaryň hemmesi gulagyny hereketlendirip bilmeýär, bu ukyp olaryň örän az böleginde bar. Ikinjiden bir gulagyny hereketlendirip bilýänler şol örän az bölegiň hem 1/3 böleginde gabat gelýär. Üçünjiden başdaky iki sebäbe görä beýle adamlary görmezligimiz ýa-da 1 ýa 2-sine gabat gelmegimiz mümkin.
    Jogap
  • Mylayymzada Mylayymzada off № 6 15 сентября 2022 20:33
    Meniň ýazan maglumatlarymyň hemmesi ylmy taýdan subut edilen maglumatlardyr. Hiç bir maglumaty mowzugyma ünsüňizi çekmek üçin özümden ýa ýalan zatlara esaslanyp ýazamok. Käbirleri geň bolany üçin ynanmak kyn bolmagy mümkin. Menem şol geňlikleri bolany üçin size ýetirmek isledim. Ýönekeý ýa-da her gün gabat gelýän zatlarymyzy däl-de geňräk zatlary bilsek gowy we gyzykly bolar öýtdüm.
    Jogap
  • Mylayymzada Mylayymzada off № 7 15 сентября 2022 22:08
    Hemedany,
    Maňa muny subut etmek gerek däl. Ynanýan. Şol seýrek duşýan adamlaryň hataryndan ekeniňiz-dä?1 Belki bu meniň üstünligimdir. Bir günde hem şu ylmy maglumata eýe boldy, hem subudyna güwä boldym. Ýokarda-da belläp geçdim bu maglumatlar tassyklanan maglumatlar. Onsoň men näme üçin ynanmazlyk edeýin hormatly Hemedany?
    Jogap
  • Mylayymzada Mylayymzada off № 8 15 сентября 2022 22:09
    Hemedany,
    Ýene-de bir zat. Maňa maglumatymyň hakykydygyny subut etmäge kömek edeniňiz üçin minnetdar.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler