Iň gowy sözler dogry sözleýäniň dogry sözleýäni, diňleýäniň hem dogry peýdalanýan sözüdir.
Aristotel, grek filosofy
Akylly bolmak möhüm zat däl, möhüm zat akyly ýerinde ulanmakdyr.
R.Dekart, fransuz filosofy
Bilimleriň çeşmesi bolan kitaby söýüň, diňe bilim bizi ruhy taýdan güýçli, päk, paýhasly adamlar edip ýetişdirer.
* * *
Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär.
M.Gorkiý, rus ýazyjysy
Bir kitap ýürekden çykan bolsa, başga ýürege girip biler.
T.Karleýl, iňlis ýazyjysy
Bilimde iň täze, edebiýatda iň köne kitaplary oka.
Bulwer-Litton, iňlis ýazyjysy
Az düşünmek, ters düşünmekden ýagşydyr.
A.Frans, fransuz ýazyjysy.
Dürler hazynasy.
Bilim,
Mylayymzada
tarapyndan
16-09-2022, 11:49