Müsüriň piramidalarynyň nähili gurlandygy barada häzire çenli dürli pikirler orta atyldy. Köp wagtdan bäri her biriniň agramy 15 tonna golaý bolan kerpiçleriň nireden getirilendigi öwrenilýärdi. Täze geçirilen barlaglaryň birinde äpet daşlaryň Nil derýasynyň uzak ýyllar öň gurap giden şahasy arkaly getirilendigi anyklandy. Alymlar Uly Giza piramidasynyň golaýyndan Hufu kanalynyň yzlaryny tapdylar. Bu kanal Miladydan ozalky 600-nji ýyllarda gurapdyr. Piramidalary gurmak üçin 2,3 million töweregi äpet daş bölekleri 800 kilometr uzakdan kanal arkaly bu ýere getirilipdir. Bu açyş taryhy maglumatlara hem gabat gelýär. Dört müň ýyl ozalky papirusyň ýüzüne çekilen suratda derýada Gyzyl deňizden gelýän daşly gämiler şekillendirilýär. Hytaý, fransuz we müsürli alymlar piramidalaryň töweregindäki daş gatlaklaryny öwrenip, kanalyň akan döwrüni ýüze çykardylar. Netijede, kanalyň irki wagtda Giza baryp ýetjek derejede uly bolandygy anyklandy. Alymlar Niliň bu şahasy bolmadyk bolsa, piramidalary gurmagyň mümkin bolmajakdygyny belleýärler.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Uly Giza piramidasy miladydan ozalky 2550-2490-njy ýyllarda gurlupdyr. Alymlar ýüzlerçe ýylyň dowamynda piramidalaryň dürli sebäplere görä kiçelendigini, ilki gurlan wagty häzirkiden has uly bolandygyny aýdýarlar. Öňki ýyllarda geçirilen barlaglarda käbir piramidalaryň ýykylandygy we gumuň aşagynda galandygy anyklanypdy. Daşlaryň suw arkaly getirilendigi ozal hem bilinýärdi, emma kanalyň ugry belli däldi.
Müsür Piramidalarynyň syry açyldy.
Bilim,
Mylayymzada
tarapyndan
18-09-2022, 14:43