Men~Mono-Liza
Many aljak bolýañ meniñ ýüzümden,
Öýdeçi däl,
Düzdeçi däl ýaýdanma.
Men dymanmy ýagşy görýän puç gepden,
Soñ ökünip gezmez ýaly aýdanma.
"Hat ýazanok" diýipsiñ sen tanşyñdan,
Öñküleri çöpläp getir guýudan.
Süýt ýaly çogan günümi küýseýän,
Özüñ dälmi gönezliksiz uýudan.
Ne süýde,
Ne-de gatyga ýaradyk,
Gurt serseñem alyp gider kör garga.
Men ykrara aşyk, ygrara teşne,
Seni gowşak görýän, hem juda yrga.
Ýykyldym, özümi galdyrdym ýene,
Yşksyz günler özüm bilen halaşdym.
Erki söýýäñ, señ peseltmek islegiñ,
Mydam meniñ tabynlygma dalaşdyñ.
Baýlyk berdim,
Şalyk soradyñ menden,
Zer balyk sözüni almaýar yza.
Many aljak bolýañ meniñ ýüzümden,
Añyp bilseñ añ sen,
Men ~ Mono-Liza.
Oguljemal ÇARYÝEWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет