Ine, şu soragy bersek bolar: bizde, häzirkizaman adamlarynda, geljege seredýän başga adamlara gerek boljak, peýda berjek täze açyş, täze bilim, täze duýgy barmy? Bu soraga, öz bar ynamym bilen, men – bar diýip bilerin. Rilkeniñ wasp edip ýazan şol "beýik zamanlarynda" hem bilinmedik bir täze zat bar diýip bilerin. Olara garanymda, "Bular bir zady-ha bilmändirler we biz muny duýýarys: azyndan, özümiñ duýýanymy-ha bilýärin" diýen pikir peýda bolýar. Muny duýýan diñe men däl ýaly. "Biziñ döwrümiz, döwrebaplygymyz hakynda onuñ ýitgilerine we degradasiýasyna baglylykda pikirlenmek dogry hasaplanylýar, – diýip, Şwesiýaly suratkeş Markus Şteffen maña ýazypdy, – emma bizde täze gazanyşlar hem bar. Şu çaka çenli, adam dünýäniñ gowşaklygyny we bütinleýin baglylygyny ş e ý l e aýdyñ bilmändi. We, munuñ üçin, hiç wagt ş e ý l e derejede pikir, görnüş, hereket görnüşlerindäki zorlamalardan gaçmak islemändi". Ine biz häzir näme bilýäris. Kän uly-da däl zady. Bizde, bu çaka çenli bolan adamlaryñkydan, agressiýa bolan içki garşylygymyz, hökmürowanlyga bolan kör islege ýigrenç has köp b a r. Bethoweniñkiden-de köp, Rafaeliñkiden-de köp. Olarda bolan köp zatlar bizde az, emma bu duýgy – köp.

Häzirkizaman ruhuna (häzirkizaman ruhunyñ nämeligi hakynda-da, özümiñkä görä baha berýän), diñe, hiç hili ýagdaýda agressiwligi bolmadyk, saña hökmüni sürmek islegini bildirmän, dem almaga giñişlik berýän, ünsli we seresap bir zat görnüşinde peýda bolýan eserler göwünlerine ýaraýar. Biziñ häzirki wagtda söýüp bilmegimiz ahmal bolan seresaplylyga, adamzadyñ beýik geniýleriniñ bolan wagtlaryndan şu wagta çenli döredilen zatlarda kän gabat gelmeris. Bu durşuna täze mesele. We ähli täze-täze zatlaryñ bolşy ýaly, dünýäniñ özi ýaly ýaşly. Muña Klodel' şeýle syn berdi: " Adam dünýäni güýç bilen alan zatlarynyñ üsti bilen añanok, oña goşan zady bilen añýar, ö z i bilen"... We bu täze pozisiýa, meniñ pikirimçe, boşluga garşy gelip biljek zat.

O.S.

File engine/modules/thanks.php not found.

Köneler, Aelita tarapyndan 21-09-2022, 02:41

  • Black day Black day off № 1 21 сентября 2022 08:32
    Ilki başy birhili, soňy başga hili)) ýa men oýaly-ukuly gowy düşünmedim. Ýok zatlary oýlap tapmak diýýänsiň öýtdüm:) Meniň edip bilýän zatlarym: (peredelka) Bir hojalygy elektrik togy bilen ekläp bilýän elektrik çeşmesi. Oň üçin goşmaça energiýa gerek däl, meselem, benzin, salýarka, elektrik togy we şm. Özi energiýa ulanmazdan 220 V naprýaženiýeli, 3000 W güýji bolan elektrik togy bilen üpjün edýär. Ýöne setrifikatym ýok, öndürip bilemok:)
    Jogap
  • Black day Black day off № 2 21 сентября 2022 08:43
    5 sany 5000mAh güýji bolan akylly telefona doly zarýad bermäge güýji bolan peredelka batareýjik:) Setrifikatym bolanda köpçülige hödürlärindä:) Biraz maýa goýum, hemem sertifikat gerek bolandygy üçin öndüremok. Çünki arassa howadan dem alasym gelýär. Ýönekeýje batareýjik ýa şm biderejik zatlar üçin azatlygymy beresim gelenok:)
    Jogap
  • Black day Black day off № 3 21 сентября 2022 08:47
    O.S näme düşünmedim?!
    Jogap
  • Black day Black day off № 4 21 сентября 2022 09:06
    Elektrik togyny öndürýän enjamymyň güýjünem köpeldip bolýar. 220 V naprýeženiýede 2000, 3000, 5000 W we şm.
    Çöldäkiler üçin gaty gowy enjam. Ýaşaýyş bar ýere o zat hökman däl diýjek bolýanda.
    Jogap
  • Black day Black day off № 5 21 сентября 2022 09:11
    Razmerem gaty uly zat däl. Ykjamja, demir seýf ýaly, bir knopkany bassaň enjam işe başlaýar, gapdalyndaky ikinji knopkany bassaň elektrik togy:)
    6 sany rozetkasy bar, her rozetka maksimum 2000 W agramy (nagruskany) göterip bilýär.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 6 21 сентября 2022 12:19
    Black day,
    Сен чыныñ билен айдярмыñ?
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 7 21 сентября 2022 12:21
    Сертификат береноклар дийип? Хакыкатданам пейдалы зады ойлап тапан болсан , Ясабер герек адам алар ,уланар..
    Jogap
  • Black day Black day off № 8 21 сентября 2022 13:11
    kwadrat kelle
    Black day,
    Сен чыныñ билен айдярмыñ?

    Hawa, çynym. Ýöne meňki zawodskoý däl, peredelka. Şoň üçinem, sertifikat alyp bolmazmyka diýýän.
    Jogap
  • Black day Black day off № 9 21 сентября 2022 13:20
    kwadrat kelle
    Сертификат береноклар дийип? Хакыкатданам пейдалы зады ойлап тапан болсан , Ясабер герек адам алар ,уланар..

    Gerek adam kän, zakaz kän, ýöne, arassa howadan dem almak üçin goýbolsun etdim:)
    Jogap
  • Aelita Aelita off № 10 21 сентября 2022 23:57
    Black day,
    Ugruna bolsun.
    Jogap
  • Aelita Aelita off № 11 22 сентября 2022 00:00
    Black day, inisiallar. Ýagşy işleriñiz şowly bolsun, btw.
    Jogap
  • Black day Black day off № 12 22 сентября 2022 00:05
    Aelita,
    Sps dostum!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler