Her bir adam näçe ýaşda bolsada maddy taýdan garaşsyz bolmagy isleýär. Ýaşyň ulaldygyça bolsa kellede “indi giçmi?” ýa-da “wagt azalýar meniň derhal başlamagym gerek" diýen pikirler döreýär, netijede bolsa muny men 20 -30 ýaşlarymda başlamaly ekenim diýen lapykeçlik gelýär. Emma telekeçilige başlamak hiç-haçanam giç däl. Bu iş üçin belki 50 ýa-da 60 ýaş hem bolup biler, emma näçe ir başladygyňça şonçada şowly bolmak ähtimallygy ýokarlanýar.
Donald Fişer atly Amerikaly telekeçi 40 ýaşynda almakdan-satmakdan hiç hili tejribesi bolmazdan San-Fransiskoda 1969-njy ýylda ilkinji “Gap” markaly geýim dükanyny açýar. Onuň “Gap” brendi bilen satyp başlan eşikleri tiz moda girýär. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň dolanyşygy $20 milliarda barabar bolan bütin dünýäde ýaýran iri egin-eşik söwdasyny edýän kompaniýalaryň biri hasaplanýar.
Ford kompaniýanyň “Model T” awtoulagy onuň eýesi Genri Forda meşhurlyk getiren we awtoulag pudagynda täzeçillik döreden modelleriň biri hasaplanýar bu modeli Genri 1908-nji ýylda 45 ýaşynda döredýär.
Momofuku Ando 48 ýaşynda tiz bişýän unaşy oýlap tapan, ýarym fabrikat iýmit pudagynyň taryhyna öz adyny salmagy başaran telekeçileriň biridir.
Bu gün bütin dünýäde “KFC” ady bilen tanalýan “Kentucky Fried Chicken” franşizasynyň döredijisi Harland Sanders öz işini 62 ýaşynda açýar.
Elbetde wagty yza gaýtaryp 20 ýaşymyzda öz işimizi açyp bolsady, 40 ýaşda millioner bolmagymyz mümkin, emma wagty yzyna gaýtarmak mümkin däl, öz işiňi açmaklyk bolsa şu gün bolsada giç däl. Geliň 40 ýaşly adamyň bir işe (önümçilik, söwda we ş.m. işlere) maýa goýmagy oňa nähili peýda getirjegi barada hasaplajak bolalyň. Bir ýylda iň pesi ortaça 20 % peýda getirjek bir biznese öz tygşytlan serişdelerimizden, mysal $5000 maýa goýum goýlan halatynda, ýönekeýje hasap bilen hasaplasak 60 ýaşa ýetenimizde çykdajylary we inflýasiýany hasaplamasak jemi girdeji möçberi ortaça $159 740 barabar bolýar.
Bärde bellemeli esasy bir zatlaryň biri hem, biziň näme iş bilen meşgullanyp bilýändigimiz we nämä ukyplydygymyz barada bilmeklik, öz üstümizde işlemeklik we özümizi kämilleşdirmekdir. Bu iş köplenç öz işini açmaklyk üçin bir ideýanyň gözleginde bolýan adamlara başardýar. Öz biznesini açmaklyk komfort zolagynda ýaşaýan, öz işini açmagy diňe oturan ýerinde arzuw edýän adamlara başartmasa gerek.
40 ýaşdan soň biznes bilen meşgullanmak giçmi?
Bilim,
qwerty1
tarapyndan
28-09-2022, 06:05