Millioner ýaly pikirlenmek üçin, millionlara eýe bolmak hökmän däl, ýöne millionlara eýe bolmak üçin, millioner ýaly pikirlenmek zerurdyr. Elbetde, baý adama millioner diýmek bilen haram ýollar bilen baýamak däl-de dogry we halal ýol bilen baýanlary mysal alýar. Bu gün size, gözýetimiňizi üýtgetýän Harw Eker-iň "Millioner akylyň syry" atly kitap hakynda gürrüň berjek. Kitabyň awtory durmuşa 0-dan başlap, köp azaply işleriň netijesinde baý bolan, ýöne puluny dogry ýollarda harjap ulanyp bilmänligi sebäpli elindäki bar bolan puluny gidirýär. Ýöne geçmişdäki eden ýalňyşlaryna ser salyp, oýlanyp sebäbini gözlänine, garyp bilen baý adamyň arasyndaky 17 sany tapawudy tapýar. Emma, men şu gün 4 sany tapawudyň üstünde durup geçjek. Beýleki tapawutlary bilmek üçin bolsa, meniň-ä ne ýazmaga wagtym gider siziňem ne okap otyrmaga sabyr takadyňyz, şonuň üçin bolsa kitaby okap görmegiňizi maslahat berýän. 4/17.

Bazara gideniňizde 1-2 manadyňyzy tygşytlajak bolup bazaryň içinde durşuna aýlanyp, baha sorap çykan wagtyňyz boldumy? Şeýle düşünje – garyp düşünjeli we pes düşünjeli adamlara mahsusdyr. Elbetde, bir zat satyn almak isläniňizde has arzanrak alyp pul tygşytlap bilersiňiz. Ýöne esasy zat tygşytlan, ýagny ekenom eden puluňyz we onuň üçin harjan wagtyňyz. Eger-de, bazardaky iň arzan almany tapyp, 1 manat ekenom edip 1 sagat wagtyňyzy gidirýän bolsaňyz, onda siziň 1 sagadyňyzyň gymmaty 1 manada deňdir (1 sagat=1 manat). Baý ýaly pikirlenýän adam bolsa wagtynyň gymmatyny biler. 1 sagat sarp edip 1 manat tygşytlamagyň ýerine, 1 sagatda wagtymy nähili ulansam 100 manat (hat-da 1 000 manat) gazanyp bilern diýip pikir eder. Baý düşünjeli adam "Munuň üçin näme etmeli? Özümi nädip kämilleşdirip bilern we nämeler öwrenmeli?" - diýip pikirlener.

Şeýlelik bilen, baý we garyp düşünjeli adamlaryň arasyndaky 1-nji tapawut baý düşünjeli adamlaryň:
- maddy taýdan maksatlary uly
Garyp düşünjeli adamlaryň bolsa:
- maddy taýdan maksady kiçi
Täze bir iş gurmaly diýilende näme göz öňüňize gelýär? Meselem: "Ýoklaý, özüm iş etjek bolup kellämi agyrtmaýynla, gije-gündiz işlemeli, üstesine ykdysady krizis, salgytlar, bir giden çykdaýjy, elimdäki bolanja pulumam gidäýmesin" Eger-de öňem pudakda bar bolan bir iş bolsa: "Ýoklaý, öňem bu işde bäsdeş kän, men ýalylara ýolam bermezler" Ýa-da diýeli bazarda ýok täze bir iş bolsa: "Onuň ýaly girdeýjili iş bolsa başga biriler ederdiler, maňa goýasylar ýokdy". Şunuň ýaly bir giden negatiw pikirler dörär. Kä biriňiz halaman hem bilersiňiz ýöne bu garyp düşünjeli we pes düşünjeli adamlaryň pikirleridir.

Baý düşünjeli adamlar bolsa "Täze krizis çykar, elimdäkilerem gidäýmesin" diýip pikirlenmegiň ýerine: "Hany öňürti şu işe bir başlaýyn, belki, täze krizise çenli gazanjagymy gazanaryn" diýip pikir ederler. Bäsdeşligiň köp bolan pudagynda bolsa: "Eger bu işde bäsdeş kän bolsa, diýmek müşderi hem kän. Bazardan paý almak bäsdeşlerimiziň heniz etmedik näme zatlaryny edip bilern" diýip pikir ederler. Heniz başga biriniň etmedik işini etjek bolanlarynda: "Hany idäp soraşdyryp bir göreýin, başgalar şu işi etjek bolup synanyşdymyka? Eger-de eden bolsa näme üçin dowam etdirip bilmedikä? Olaryň eden ýalňyşlaryny gaýtlamaz ýaly şu zatlary sorap ideşdireýin. Eger-de şu wagta çenli hiçkim etmedik bolsa onda men bu işde birinji bolarn" diýip pikir ederler. Şeýlelik bilen 2-nji esasy tapawut, baý düşünjeli adamlar:
- pursatlaryň we çözgüt ýollaryň üstünde durarlar
Garyp düşünjeli adamlar bolsa:
- meseleleriň (problemalar) we päsgelçilikleriň üstünde durarlar

- Planyň maşynyny gördüňmaý, kim bilýä nädip gazandy o pullary, bu wagtky işiň-ä oýny däl ol, kiçiräk dükan açanyň bilen boljak zat däl, hökmän bir zatlar edýä şu.
- Howalaý okuwdan tanaýan, üýtgeşik başarýan zady ýoklaý, ol-bul kiçiräk işlerimem şoňa buýurýadym menem. Indi adam bolup hondan bärisi gymmat maşyn münen bolup ýör.

Ýokardaky gürrüňler size tanyş bolan bolsa gerek. Eger-de birinden şeýle gürrüň eşitseňiz diýmek, ol adam garyp düşünjeli adamdyr. Şeýlelikde garyp düşünjeli we baý düşünjeli adamyň arasyndaky 3-nji tapawut şuldyr, ýagny, baý düşünjeli adamlar:
- bir zady başarmagyň nä derejede kynlygyny bilýändikleri üçin üstünlige ýeten adamlara elmydama hormat goýarlar
- olaryň gazanan üstünliklerine begenerler
Garyp düşünjeli adamlar bolsa:
- elmydama başga adamlaryň üstünliklerine görüp bilmezlik ederler
- olara töhmet atyp üstünliklerine göwün ýetmezçilik ederler

Bilýän, siziňem töweregiňizde häzirki gürrüň berjek adamym ýaly adamlar bardyr. Bir ýa-da iki ýokary okuw jaýyny tamamlan, ömri boýunça okuw kitaplaryndan başga kitaplary okamadyk, okan bolsa-da iki sanyjak çeper eser okandyr ýöne özlerini bar zady bilýän diýip hasaplaýan adam, gaýtam üstesine hemme kişä akyl satar, 5 minudyň içinde bütin dünýä syýasatyny gürrüň berer. Hemme zady 100% bilýän diýip pikir eder. Şeýle adamlar, baýlaryň we üstünlikli adamlaryň diňe nesibesi çogup şol derejä geldi diýip pikir ederler we olara görä baýlar: "aýagyny uzadyp ýaltalyk edip hiiç zat etmän otyrýarlar Alla-da olara al gulum diýip kömek etýär." diýip düşünýärler. Şeýle köp bilmiş adamlar öz şowsuzlyklaryny: "Aý nesibämde ýokdyr, baý maşgalada dogulmadym. Alla berjek bolsa bererdi" ýaly manysyz biderek sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar we şeýle düşünjeler bilen özleriniň üstünlikleri gazanmaga, gowy ýerlere gelmegine böwet bolýar. Şeýlelik bilen 4-nji tapawut bolsa, baý düşünjeli adamlar:
- elmydama täzelikleriň we özlerini kämilleşdirmegiň GÖZLEGINDE
- has hem gowy ýerlere gelmek üçin elmydama HEREKETDE

Garyp düşünjeli adamlar bolsa:
- durmuşda hemme zady bilýän diýip hasap edýärler

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, qwerty1 tarapyndan 29-09-2022, 07:05

  • TheNotorious1 TheNotorious1 off № 2 29 сентября 2022 11:16
    Mana shular yaly gyzykly kitaplaryn nirden alynyandygyny aydyp bilermisiniz. Ýa-da ozinizde barlaryny mana ugradyp.

    Menem kitaphor oglan. Shu yaly gyzykly zatlar hakynda okasam humarym tutyp bashlayar.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler