Salam eziz okyjylar! Gün sypdyrmanjyk ýaşap ýörsüňizmi?! Şu degişmejik näçe ýürege-bagyra düşse-de ulanasym geldi. Geçirersiňiz-dä, geçirmeseňizem geçdi ýöne. Ýaňy poadcast diýilýän zada synanyşdym, iň soňunda “jigim iň gowysy sen git-de aýtjak zatlaryňy ýazga dökäýsene” diýdim öz-özüme. Özüňi tanamak barada aýdylan sözler ýadyma düşse gaharym gelýär, “tanalman geçen” zadam diýäýesim gelip gidýär. Poadcastim gowja diňlense “nätdim, diňletdimmi asdfg” diýip bolgusyzja oýunjaklarymdanam edäýjekdim. Ýene bir gül açmanka solup gitdi ana.
Geliň indi bolsa ýazga geçmedik (geçip bilmedik)(aslynda ýazga geçdigem bolýar :P) poadcastimizde nämeler aýtjakdyk şoňa geleliň. Eli boşluk barada gürrüňdeş boljakdyk. Ilki bilen eli boşluk gaty gowy zat däl, seret, poadcast etmäge synanyşdym meselem. Dostuň jaň edip “eliň boşmy” diýeninde “ýok elimde telefonym bar kyh kyh kyh” diýjek derejede degişgen boluň!. Bolmaň diýerin öýtdüňizmi ýa, menden olar ýaly zada garaşan dälsiňizle. Indiki ýaşlar bir zady tersine aýtsaň gowy görýär.
Eli boşluk, boş wagt diýleninde siziňem ýadyňyza hol meşhur söz düşýärmi?! “Kitap eliň boş(boş wagtyň) bolanynda okalmaly däl, kitap ýörite wagt aýyryp okalmaly.” sözi. Boş wagtyňyz okaýan bolsaňyzam okaberiňsene. Eli boşluk gaty gowy tema-da däl eken. Bir ýere geleňsoň yňk-myňk edip oturaýýan ekeniň. Seni başga älemlere alyp göteräýenok. Käbir temalar seni alyp göterýär, käbir temalar bolsa meniň ýaly ukyplylaň eline düşüp alyp göterilmese tema diýer ýalam däl. Eli boşlugyň içindäki “boş” sözünden “Içi boş kelle, şeýtanyň iş otagydyr.” diýen söz ýadyma düşdi. Eli boşluga gowja seretseň içindäki boş wagtdan gowy peýdalanmazlygy hem görüp bolýar. Menem iň az 77% ynsanlar ýaly öz boş wagtlarymdan dogry peýdalanyp bilemok. Allajan hemmämize wagtymyzy(ömrümizi) dogry peýdalanyp tamamlamagy nesip etsin!
Merwli Türkmen.
ELI BOŞLUK
Bilim,
Telwas
tarapyndan
1-10-2022, 20:06