Bilşiňiz ýaly Türkiýanyň TRT1 kanalynda tomaşa edilýän ''Oýanyş, Beýik Seljukly'' kinoserial kinosy beýleki ''Kuruluş Osman'' filminiň gyzygyny gaçyrdy. Kän ''Kuruluş Osman'' kinosyny halamadymam Burak Özçewik Osmanyň roluny janlandyryp başlan wagtyndan bäri...
Öňki ''Direliş Ärtogrul'' kinofilmindäki Ärtogrulyň keşbini janlandyran ''Engin Altan Düzýatan'' hem ''Kuruluş Osman'' filminde Burak Özçewigiň Osmanyň keşbini janlandyrmagyny göwnemändi... Özem şol kinoda oýnamady...
Aý bolýa bu hakda soň bir gün...
Gürrüň Oýanyş Beýik Seljukly kinoserialy hakynda gidýär.
Beýik Seljuk türkmenleriniň Altyn asyryny ýaşan Mälik Şanyň döwründe bolup geçen wakalar köpbölümli kinofilmde janlandyrylýar. Seljukly Türkmen döwletini taryhda ysgyndan gaçyran Hasan Sabbah we Haşhaşynlar /belkäm Batynylar - şu döwür göz bilen seredilende garakçy terrorist toparlar/ hem kinoda usully, özem güýçli toparlar edilip görkezilmegi hakyky taryhdaky bolup geçen zatlardyr.
Bu şahsyýetler hakynda aýry-aýrylykda tema açsam diýýärin...

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1-06-2021, 13:52

  • Soho Soho off № 1 1 июня 2021 14:27
    Açsañ:a howes bilen okardyk, Osmany men hem sho Burak sebapli gorup bilmedim (bolmasa Erdogan ony sho keshbi uçin sylaglapdy), meñ pikirimçe ol oñki janlandyran romantik gahrymanlarynyñ keshbinden çykyp blnk...
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 2 1 июня 2021 15:12
    Hawa, Bala hatynyň owadanlygyna özüni ýitirip oýnaýar, gülende dagy kilçerip gülýär.
    Başyndaky seriýalarynda Bala hatyn hüw-hak diýip ýören içaly tarapyndan alynyp gidilende yzynda Osman barýar halas etmäge. Şonda Bala hatyn stola daňylgy otyr welin ýanyna baryp ''Saňa näme etdiler Bala hatyn'' diýip haýran hakyky gözleri bilen seredýär. Diýjek bolýanym oýnap bilenok roluny. Halas etmäge gelen adam ilki el aýagyny çözer, suw berer welin...
    Jogap
  • arkac arkac off № 3 1 июня 2021 16:07
    Osman barýar halas etmäge. Şonda Bala hatyn stola daňylgy otyr welin ýanyna baryp ''Saňa näme etdiler Bala hatyn'' diýip haýran hakyky gözleri bilen seredýär. Diýjek bolýanym oýnap bilenok roluny.

    @Jeksparro, dogrusy men kino tankytçysam däl, ýa şu kinonyn janköýerem däl welin, artist kino dūşūrlende rejisserdan bidin özbaşdak hereket edip bilmezmikä diýýän. Bärde kino doredijileriñ ýalñyşy bar diýseñ başga gurrun...
    Jogap
  • Mister X Mister X off № 4 1 июня 2021 18:03
    Nizamilmulk bilen Hasan Sabbah. Prosta shol ikisine balet edibem goryan
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 5 1 июня 2021 18:07
    @MisterX, aýtmasanaý, gaty gowy oýnapdyrlar şu kinoda... Hasan Sabbah batynylaryny üýşürip: ''Refiklerim Selçuklu şeytanlardan intikamimizi alalim. Ben size cenneti wad ediyorum haaaaaa....''' diýýän ýerleri güldürip içini gyrýar..
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler