ÝOJ we soňrasy…
Salam dost. Gel biraz dertleşeli. Orta mekdebi tamamlan ýa-da soňky synp okuwçysy bolsaň, “durmuşda näme bolsam” diýip pikirlenip başlansyň. Belki “prikror” bolmaga kararyňy berensiň.. Indi näme etmeli? Çaý demle, ak köke alyp geleýin menem.
Ilki bilen “näme bolmak isleýän?” diýip özüňe sora. Eger çopan bolmak isleýän bolsaň şol obaň dillere dessan iň ökde çopany bol.
Näme boljagyňa karar bereniňden soň, şol kärde tejribeli adamlar bilen söhbetdeş bol. Iş dünýäsinde ýüze çykyp biljek problemalaryny diňle. Özüňe “Men bu kynçylyklaryň üstesinden gelip bilerinmi?” diýip sora. Jogabyň “hawa” bolsa ýoluň açyk bolsun. Eger-de “ýok” ýa-da haňk-huňk edip dursaň onda başga kärleri agtar.
Mugallym bolmagy islemek arzuw, Matematika mugallymy bolmagy islemek bolsa maksatdyr. Maksadyňa ýetmek üçin ünsüňi şol ugra gönükdür…
Öz tejribämden aýdyp bersem, meňem arzuwym mugallym bolmakdy. Okuwy tamamlamaga bir ýyl galanda maksadym hem belli boldy; türkmen dili mugallymy bolmak. Narjan mugallym bilen äpbe-de jüpbe däldim. Hatda ýazgylarymdan belli bolşy ýaly sapak bilenem kän bir aram ýokdy, attestat baham dört asdfghj. 2006-njy ýylda Halkara Türkemen-Türk uniwersitedine ýüz tutdum. Baş aşanlykgan ýykylyp gaýtdym. Gapysynda “bu ýyl bolmasa indiki ýyl, indiki ýyl bolmasa soňky ýyl men seniň talybyň bolaryn” diýip, möňňürip agladym. Indiki ýyly bagtym çüwdi; Türk uniwersitetine däl-de Türk döwletine okuwa geldim. Gelmesinä geldim weli türkmen dili mugallymçylyk üçin gelmedim. Öz halamaýan ugrum boýunça dört ýyl tirsek çüýreltdim. Uniwersiteti tamamlamak üçin bir ýyl hökmany suratda iş tejribesi üçin 7-nji klas okuwçylara sapak okatdym. Soň bir ýyl hususy çagalar bagynda öz ugrym boýunça işledim. Iki ýyllyk iş tejribäm bilen “hezil däl” diýip, öz kärimi taşladym. Käşgä 3-nji kursda hezil däl diýen wagtym taşlasadym…
Garaz gepiň gysgasy öz saýlan käriňiz üçin bir-iki ýyl taýýarlanyň, gerek bolsa üç-dört ýyl. Ýatdan çykarmaň; bir-iki ýyl ejir çekip ýetişdirjak hasylňyz bilen ömür boýy iýmitlenmeli.
Menem aç galammok, ýöne iýen naharymdan lezzet alyp bilemmok :)
Asýa.
Gel dostum, men saňa nesihat kylaý...
Bilim,
Telwas
tarapyndan
3-10-2022, 21:36