Ilkinji duşuşykda garşyňdaky tarapa nähili hereketler oňaýly täsir edýär? Ilkinji duşuşykda etmeli ýa-da etmeli däl hereketleriňiz baradaky öz garaýyşlarymyzy biz bu mowzukda jemledik!

Zenanlar (gyz-gelinler) söhbetdeşlikde garşydaky tarapyň söze başlamagyna garaşýar.

Gyz-gelinler, esasanam, söhbetdeşlik birdenkä tamamlananda başga täze temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny isleýärler. Şonuň üçin garşydaky tarapa gyzykly we özüne çekiji temalardan gürrüň etmegi maslahat berýäris.

Gözüňizi uzak wagtlap şol bir seredýän ýeriňizde saklamaň, size ýalňyş düşünmegi mümkin.

Alymlaryň pikirine görä, bir ýerde gözüňizi uzak wagtlap saklasaňyz, garşy tarap bir kemçilik barmyka diýen ters pikire girýär we siz bilen uzak wagtlap söhbetdeşlik etmekden çekinip, ol ýerden uzaklaşýar.

Ilkinji bakyş pikir edişiňizden has möhümdir!

Möhüm iş söhbetdeşliginde ýa-da ilkinji duşuşykda bolsaňyz hem, beýleki tarapda eden ilkinji bakyşyňyz has möhümdir. Bakyşyňyz ýürege ýakymly, näzik, özüňe ynamly we şadyýan bolmaly.

Ilkinji duşuşygyň iň soňky bolmagyny islemeýän bolsaňyz, hoşlaşanyňyzda fiziki taýdan gatnaşyk ediň!

Gözlege görä, zenanlar hoşlaşanda fiziki aragatnaşyga (gujaklamak, öpmek) esaslanyp, ýoldaşynyň ýene duşuşmak isleýändigini ýa-da isleginiň ýokdugyny bilýärler. Şonuň üçin ilkinji duşuşygyň iň soňky bolmagyny islemeýän bolsaňyz, fiziki taýdan gatnaşyk saklaň!

Garşy tarapy halaýan bolsaňyz, hoşlaşanyňyzda el gysyşmaň ýa-da eliňizi galgadyp sagbollaşmaň!

El gysylyp ýa-da el galgadyp sagbollaşylanda, esasan, yza gaýdyp gelmezlik ýa-da ýene duşuşmak islemeýändigi ýaly pikir döreýär. Elbetde, bu iş görüşmesinde bolup biler.

Ilkinji duşuşykda zenanlar gürrüňiň temasyny geljekki günlere, erkekler bolsa jynsy gatnaşyklaryna getirmegi halaýarlar.

Geçirilen gözleglere görä, iki tarap (jyns) bir-biregi halasa, turuwbaşdan haýsy temalar barada gürleşiljekdigi aýan edilýär. Bu gözlegde zenanlar geljekki günler, boljak wakalar bilen gyzyklansa, beýleki tarap (erkekler) bolsa, mowzugy jynsy gatnaşyklaryna getirmegi halaýarlar.


(Daşary ýurt makalasyndan terjime)

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 7-10-2022, 19:55

  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 1 7 октября 2022 20:32
    Эркеклер эли бош бармаса говы. ??жагаз алыня болмаса? совгатжык алын. Гараз бош бармажак болун!
    Jogap
  • menembiri menembiri off № 2 7 октября 2022 20:49
    Menä diňe snikers(ol wagtlar dum arzandy;)) alyp barýadym swidaniýa)))))))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 3 7 октября 2022 20:54
    kwadrat kelle,
    @Kwadrat kelläň kellesiniň kwadratlygy göz görtele bildirýär. :)
    Türkmen "Bir gün duza müň gün salam" diýýär, ýene-de sowgatlyja barsaň ýüzlüje bolýaň, birki ýalňyşyňy (ýa-da kemçiligiňi) sowgat örtýär.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 4 7 октября 2022 20:56
    Her bir gatnaşygyňam başy özüňe çekip bilmek we geň galdyrmak. Soňra bolsa enelik-atalyk aladasy, mähri, söýgüsi gerek.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 5 7 октября 2022 22:47
    Esasy, näme maksat bilen barýaň, pikiriň oýlanşykly, göwne degmezden mylakatly bolsaň, ýerlikli
    Jogap
  • Balary Balary off № 6 7 октября 2022 23:31
    haýsydyr bir brilliantjagaz ýer bn gök ýaly tapawudy bolan baý oglan bn pukara gyzyñ arasyny sazlap bilenok eken. ozallar bilýamikä öýdýädim ýalñyşypdyryn!
    ýone şu meselede kemakylrak abraýsyzrak baýlañ puluna baýrynyp elýetmez şahalardan ýapyşjak bolşy ýaly, pukararak ýone owadan akylly başly oglanlaram diline dogumyna baýrynynsady...
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 7 8 октября 2022 00:13
    kwadrat kelle,

    Sowgatly barsaňyz lohdur öýdýär garşydaky gyz saňa! Maňa şeýle öwretdiler. Türkmen gyzlarynyň ýanyna baraňda diňe agzyň sakgyçlyja barýaň! Gürleşipjik oturýaň! Soň häzir geljek diyip magazina sowulan bolup iki sanjak 0,5 kolajyk alyp barýaň! Kolajyk içip seryoznyja bolup gürleşýäň bolyar şol!

    Türkmen gyzlaryna eliň gülli barar ýaly Ýewropa ýa Amerika dünýesinde gezip ýörensiň! Şol ýerleriň gyzlary şolar ýaly romantik bolany üçin türkmenlerem şony etjek bolýar. Günüňize ýanaýynyň osuraklary! ???????
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 8 8 октября 2022 00:16
    Hiayress,
    Bir-iki ýalňyşyňy hiç zadam örtenok, seni söýjek adam senden ýalňyşlyk görenok! Ýalňyşyrak adrese düşdüňiz! ???
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 9 8 октября 2022 00:20
    Bolanna görä kinolardaky ýaly bir tokaýlykda, meselem aýdaly Arçabil Pöwrizede bukurak ýerde şar zat asyşdyryp, piknik kulýonkany ýazyp üstünde dürli-dümen näz nygmatlar bilen bezäp, swidaniýa çykjak gyzyňy alyp baray şotak gözlerini daňyp, ????

    A birden swidaniýa diýip alyp gaýtjagyň şo gün gelmese ýa işi çykdy!

    Mlä diýmeli borsuň! ?????
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 10 8 октября 2022 00:24
    Beý diysem romantik däl diýdigim däl gyzlar, gaty romantik bolyar... Ýöne imenno şolar ýaly hereketler kä gyza ýaranok. Bu türkmen gyzlary ''Gül bilen göwnümi aljak bolyar bi'' diýen ýaly pikirlerä edýäraý, eýläk ýatsaňam beýläk ýatsaňam. Ýöne gyza kä wagtlar pul kömegini berip bilseňiz kömek etdigiňiz-ä bordy oglanlar.... ?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 11 8 октября 2022 07:47
    Jeksparro,
    Şu çagaňky ýaly akyl bizde-de bolsun, omyn!
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 12 2 ноября 2022 23:58
    Hiayress,
    ???
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler