Azyrak uklaň. Durmuşyňyzda has produktiwnyý bolmak üçin iň gowy usullaryň biri. 6 sagat uky bilen özüni örän sagdyn duýýan adamlar örän köp. Ýöne size edil beýle etmek hökman däl. Siz diňe öz turýan wagtyňyzdan 1 sagat irräk tursaňyz boldy we 1 aýda siz 30 sagat ýene boş wagtyňyz peýda bolar.
Her gün irden turan wagtyňyz biraz öz-özüňizi ösdürmek üçin pikirleri ediň. Öňüňizdäki güni göz öňüne getiriň, nähili işler etmeli, nädip dogry etmeli... Gyzykly motivasionnyy zapisleri, podkastlary diňläň. Wajyp işleriň, gerekmejek işleriň arkasynda galmagyna ýol bermäň. Her gün azyndan 10 minut tapyňda "Şu edýän işlerim maňa peýda getirýärmi?" diýip özüňizden sorap görüň.
Hemişe el telefonyňyza jaň geleninde jaň eden adam nähili adam bolsada hormat bilen jogap beriň. Bu diňe size däl, size jaň edýän adamada ýeňillik döreder.
Esasy kanunlaryň biri, bu siziň durmuşyňyz nähili bolsa, siziň daşky gurşaw bilen aragatnaşygyňyz hem şeýle bolar. Eger-de siz položitelnyý zatlary isleseňiz - şony hem alarsyňyz. Bu - tebigatyň fundamentalnyý kanuny.
Maksadyňyz hakda pikir ediň, onuň netijesi hakda däl. Başgaça aýdanymyzda siz edýän işiňize köp üns bermeli, belki siziň eden işiňiz kimdir birine peýdaly ukyp berer. Hiç haçan pul üçin ýa-da at gazanmak üçin etjek bolmaň. Iň soňunda eden işiňiz birden pese düşer. Pul we at size öz-özi geler, eger siz edýän işiňizi dowam etseňiz
Her gün azynda 5 minut aýna seredip ýylgyryň. Stiww Martin edil şeýle hem edýän eken. Haçanda siz güleniňizde siziň organizmiňiz örän köp himiki reaksiýalaryň başlangyjyny berýär we ol reaksiýalar bizi bagtly duýmaga kömek edýär. Gülki adamy deňagramlyk ýagdaýynda saklaýar.
Özüňi ösdürjek ajaýyp maslahatlar!
Sorag-jogap,
Statee
tarapyndan
28-10-2022, 00:35