Bolanyna görä menem hüññürdäp galaýyn))
Dünýäde belli bolan ýörgünli dinler (Ilat ýagny
ynanýanlar sany boýunça köpden pese garap)
1. Prawoslawiýa
2. Katolisizm
3. Iudaizm
4. Islam
5. Protestantizm
6. Buddizm
7. Konfutsianstwo
8. Swetskiý gumanizm
9. Ateizm
10. Pastofarianstwo
11. Agnostisizm
Şol sanda ozalam meselem getirişim ýaly, eger şu 11
diniň her haýsyndan 1 adam edip bir otaga gabalsa,
jygyllygyňky ýaly bitmejek dawa bolar we her kim öz
dinini gorajak we haka çykarjak bolup dyzar. Sebäbi,
her kim doglandan şol öz dini gulagyna guýlyp diňe
şol dine bolan ynam bilen terbiýelendi.
Nirde okanym ýadymda däl, emma ozalam biri sirkde
çykyşdan soň pilleriň daňylyşyny görüp geňirgenýär
we gelip haýwan tälimçiden soraýar,
- jenap, siz pilleri ýönekeý agaç gazyga kakyp
goýupsyňyz, olar gaçar öýdüp gorkaňzokmy?
- ýok gorkamok.
- Siz pilleriň agram basyşynyň...
- diňle inim, bu piller nä derejede güýçli bolsalar
hem, olar eýýäm ruhy taýdan ýesir alynan we özlerine
ynamy ýok, şol sebäpdenem ýerde duran güle daňsaň
hem olar butnamaz.
- O näme üçin beýle???
- Sebäbi bu piller sirke çaga wagty getirilýär we olar
çagalykdan şu kiçi gazyklara kakylýar, kiçi piller ol
gazygy goparmana güýçleri ýetenok, emma olar urnygyp synanşýarlar, 1 gün, 1 hepde, 1 aý we ahyr soňy
ruhlary we umytlary döwülýär we synanşmasyny bes
edýärler, hatda 10 ýaşap ullakan bolanlaryndan soň
hem olar şol gazygy goparyp bilmejegine ynanýarlar.
Ana din hem şol gazyk ýaly zat, ýaşlykdan aňyňyza
näme guýylsa şol diýip ýaşaýaňyz.
Sorag-jogap, TrustORG tarapyndan 2 hours ago
Ahmedik_971 hour ago
TrustORG, şu gezek Jekserçäň onlugyndan urduň
öýdýän :D
Çeşme: talyplar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Köneler, Vekil_City tarapyndan 29-11-2022, 13:00

  • Gauzen Gauzen off № 1 30 ноября 2022 16:55
    Şu TrustORG kim bolýar, bilýäniň bamy?
    Jogap
  • Bayat Bayat off № 2 2 декабря 2022 08:55
    Mäh... meý niýdiñow señ-ä.
    "Aý, garaz "her kimiñ düşünjesi—bagtdan paýyna düşenjesi" şu iki zat adamyñ çorny belaýa mañlaýna myh bolup kakylýa-da atagzy däl it agzy bilenem soñ soguryp bolmyýa" diýipdi bir düşünjesizlerdän düşünjeliräk ulyýaş adam
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 3 2 декабря 2022 10:12
    Gauzen
    Şu TrustORG kim bolýar, bilýäniň bamy?

    Aý edil özünä tanamok, ýöne il aýtmyşlaýyn lebaply @graýwolfyň ikinji ýüzi (ikinji niki) öz aýdyşyna görä bolsa Aşgabatlymyş :)
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 4 2 декабря 2022 10:38
    Bayat,
    Salam, tanamadym?!
    Hawa şeý diýdim :)
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 5 2 декабря 2022 10:38
    Hantöre, sen pikiriňi ýazmansyň? :)
    Jogap
  • Bayat Bayat off № 6 4 декабря 2022 15:14
    Vekil_City,
    Waleýkimessalam we mendenem Salawmaleýkim. "Tanamaýan bolsañ semränsiñdä!" diýsem gaýtam meñ özümi ulumsy hasap edersiñ-de egoist, ýekegoýun, ildençykan, tördenkowlan, beýnisiiteläpotlanýan... we ş.m zatlar aýdyp degişmäñ soñyny geýişmä ýazdyryp goýberersiñ)) Şoñ üçin agam men çalarak tanaýan seni(men atawaýlaýow) şo bolardaý, senem meni dura-bara tanar ýörersiñdä(poçti tanansyñamdaý)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler