Durmuşa syn
DURMUŞA SYN
Bu durmuş däldir ejeň,
Gözle kynçylykda tär.
Eliň tutmakdan geçen,
Ýykylsaň, güljekler kän.
Daşdan gatydyr başyň,
Ejizligi elän -- är.
Çeýnäp oturan aşyň
Agzyňdan aljaklar kän.
,,Yşk" boldumy güýmenje,
Hem wagt geçirmäge kär.
,,Men ýaryň!" diýp gülenje,
Ýasama gurjaklar kän.
Ýalan -- ýarany ogryň,
Ýaman niýetlerden dän.
Indi sözleseň dogryň,
Depäňden urjaklar kän.
Bezese, hoş gylygyň,
Ynsan bary ýaman däl.
Müň şükür, ýagşylygyň
ýolunda durjaklar kän.
Nury SAKÇYÝEW.
Bu durmuş däldir ejeň,
Gözle kynçylykda tär.
Eliň tutmakdan geçen,
Ýykylsaň, güljekler kän.
Daşdan gatydyr başyň,
Ejizligi elän -- är.
Çeýnäp oturan aşyň
Agzyňdan aljaklar kän.
,,Yşk" boldumy güýmenje,
Hem wagt geçirmäge kär.
,,Men ýaryň!" diýp gülenje,
Ýasama gurjaklar kän.
Ýalan -- ýarany ogryň,
Ýaman niýetlerden dän.
Indi sözleseň dogryň,
Depäňden urjaklar kän.
Bezese, hoş gylygyň,
Ynsan bary ýaman däl.
Müň şükür, ýagşylygyň
ýolunda durjaklar kän.
Nury SAKÇYÝEW.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет