***
***
Meniňem söýmäge hakym bar bolsa,
Hem söýgimi aýamaga bir ömür:
Her säher-de keşbin birjik üýtgetmän,
Goňşymyzyň melleginden jyklaýan,
Güneşi söýjek.
Kakamyň gabarçak-gabarçak elin,
Ejemjanyň aladaly keşbini,
Sesini söýjek.
Göleli sygrymy, towuklarmyzy,
Her gezek görende mäläp çagyrýan,
Geçimi söýjek.
Okuwdan gelemde, allowarradan
Guýrugyn bulaýlap öňümden çykýan
Güjügmi söýjek.
Uly bolmasa-da, bagly-bakjaly,
Kekeneli, kebelekli, gurçukly
Mellegmi söýjek...
Meniňem söýmäge hakym bar bolsa,
Söýmegi öwretmäň, özümçe söýjek.
Wepa Pirnepesow
Meniňem söýmäge hakym bar bolsa,
Hem söýgimi aýamaga bir ömür:
Her säher-de keşbin birjik üýtgetmän,
Goňşymyzyň melleginden jyklaýan,
Güneşi söýjek.
Kakamyň gabarçak-gabarçak elin,
Ejemjanyň aladaly keşbini,
Sesini söýjek.
Göleli sygrymy, towuklarmyzy,
Her gezek görende mäläp çagyrýan,
Geçimi söýjek.
Okuwdan gelemde, allowarradan
Guýrugyn bulaýlap öňümden çykýan
Güjügmi söýjek.
Uly bolmasa-da, bagly-bakjaly,
Kekeneli, kebelekli, gurçukly
Mellegmi söýjek...
Meniňem söýmäge hakym bar bolsa,
Söýmegi öwretmäň, özümçe söýjek.
Wepa Pirnepesow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария