Gar ýaganda dörän setirler
Aklyk, arassalyk, aýdyňlyk bilen
Gar ýagýar, ýyllaryň äkidip derdin.
Sowuk duýgularmy, biweç pikrimi
Meýletin şo-ol ýyly garlara berdim.
Garlar gök asmandan zemine gowşup,
Sözsüz söhbet edýär agaçlar bilen.
(Olaryň gürrüňin, täsin söhbedin
Diňe ak göwünli ynsanlar biler!)
Töwerek aklyga, päklige dolmuş.
Goý, niýet-pälimiz şonuň deý bolsun!
Ak atly, ganatly, gaýtalanmajak
Bu günleň her kişi gadyryn bilsin!
Taşlap, ýürekdäki öýke-kinäni,
Gama batman, bagta gujak gereli!
Ýör, ýalňyz oturma, ikimiz bile
Täze ýagýan gara salam bereli!
11.12.2020ý.
Nury SAKÇYÝEW
Gar ýagýar, ýyllaryň äkidip derdin.
Sowuk duýgularmy, biweç pikrimi
Meýletin şo-ol ýyly garlara berdim.
Garlar gök asmandan zemine gowşup,
Sözsüz söhbet edýär agaçlar bilen.
(Olaryň gürrüňin, täsin söhbedin
Diňe ak göwünli ynsanlar biler!)
Töwerek aklyga, päklige dolmuş.
Goý, niýet-pälimiz şonuň deý bolsun!
Ak atly, ganatly, gaýtalanmajak
Bu günleň her kişi gadyryn bilsin!
Taşlap, ýürekdäki öýke-kinäni,
Gama batman, bagta gujak gereli!
Ýör, ýalňyz oturma, ikimiz bile
Täze ýagýan gara salam bereli!
11.12.2020ý.
Nury SAKÇYÝEW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет