Öňküsi deý dogup ýaşýan günleriň,
Süýjedi lezzeti... üýtgedi reňki.
Ylahy adynyň nuryna duşup,
Ornun aklyk aldy soňsyz garaňkyň.
Gör neneň hoşwagtlyk görüň-ä görüň,
Maňa faraony oýaryp beriň!
Goý, ol buýruk etsin jöhit gullarna
Nefertitiň mazaryny açdyryp
Onuň tumaryny maňa bermegi...
...Hem meniň bagtymy nusga getirip
Bagtyň neneň gymmatlygny görmegi.
Otparazlaň otlaryny söndüriň,
Olarada mährim berer ýylylyk.
Goý, ýüregim Haka peşgeş berilsin
Piramidasynda beýik Maýýanyň
Ähli däp dessurlar dogry kylynyp.
Men şonda-da mähir bolup ýaşaryn
Gitmerin, gitmäge hyýal etmerin
Iň uly yşk barka, Hak nury barka
Gara gabryň leblerinden öpmäge.
Aşygam özüňe, aşakdyr serim
Öňüňde kamatym dik bolup bilmez.
Eçileniň bakylykdyr hemdemim
Peşgeşiň öwezin dolduryp bilmen.
Guluna ýan berdim yşgyn höwesläp
Nurly adyň bilen eýlendim bendi
Ýene dünýe içre yşk beren maňa
Diňe sendiň!
L.
“Maňa faraony oýaryp beriň!”
Bilim,
Telwas
tarapyndan
9-12-2022, 21:05