Wagt gyzyldan gymmatly — diýilýär. Gymmadam. Ýöne men welin, degersiz adamlara gyzyldan gymmatly wagtymy gidirdim. Özümiň nä derejede "wagta" biperwaý garanyma indi azajygam bolsa düşündim. Myrat molla aýtmyşlaýyn durmuşyň üýtgärine garaşdym. Ýöne durmuş meň üýtgärime garaşypdyr. Arzuw etdim. Emma boşuna arzuw edipdirin. Aslynda, arzuw etmeli däl-de, arzuwyňa ýetmäni (ýetmegi) öwrenmeli eken. Syke däli aýtmyşlaýyn menem şeýle karara geldim: "Menem erbetleşjek, bir gowlaşsam bolýar...''. Puluň kän bolsa yzyňda gyzlaryň oçura durýanyny, puluň ýok wagty bolsa ýüzüňe-de seretmeýändikleriň şaýady boldum... Edil şu wagt Kera Babaýewiň:
"Bagyşla kaka men ýene saklanyp bilmedim,
Şunça gözledim ýöne hiç adalaty görmedim.
Garybyňky boldy ýalan, baýyňky mydama çyn —
Asyl köki çüýrik bolsa ýaprak nädip güllesin?!..."
— diýen sözleri ýadyma düşüp gitdi. Biderek ýere janymy ýakdym, biderek ýere söýdüm, ýaşlygymy ýele sowurdym, indem 25 ýaşadym. Özümi tanadym, azajygam bolsa gözüm açyldy. Men kim? Men näme üçin doguldym? — şu soraglara jogap tapdym. Zenanlaryň ýagdaýyna düşünensirän boldum, aslynda hiç hili düşünemok ekenim. Birine aşyk boldum, oňa duýgularymy aýtdym, kabul etdi, ýöne ejesi etmedi. Arada iki aý ýalyjak Aşgabatda işledim. Bilýänsiňiz, "O gyz meň nesibäm däl eken" — diýip, bütin ömüri ýeke geçirip bolmaz. Gaşymda ýene bir näzenin peýda boldy. Oň bilen başgaça boldy. Ol Aşgabatlydy. Diýseň akylly gyz eken. Goşgulary bilen internetde, forum saýtlarda meşhur eken. Meň oňa aşyk boluşym ýaly oň özi menden beter maňa aşyk boldy. Meni söýdi, meni 7/24 idedi durdy. Ýöne o gyz bir zatdan müýnürgedi we menden daşlaşasy geldi, daşlaşybam başlapdy. Bar diýen zady "Men saňa mynasyp gyz däl. Men kemli" diýdi. Meň durmuşymdan gitmäge çalyşdy. Men ol gyz bilen 2 gezek duşuşdym, synlanymda, gürleşenimde onda hiç hili kem görmedim. Ýagny, daşyndan seredeniňde kemi bara meňzänok diýjek boldum. Men barada bilýänleriňiz bar bolmagy ähtimal, men iň açyk hem-de iň ýapyk oglan. Islendik meseläni açyk gürleşýän, o gyz bilenem şeýle gürleşdim. Müýnürgeýän zady bolsa, meň üns bermeýän, meň üçin parhy ýok zat eken. Ol kemi bilen oglanlaryň (sallah oglanlaryň) 70-80%-i olar ýaly gyzlary kabul etmejegi welin, hemmä aýan bolsa gerek... Garaz, bolşy ýaly söýdüm. Nesibämdir öýtdüm. Sowgat berişinden, maňa bolan garaýşyndan, maňa bolan söýgüsinden çen tutsaň bütin ömürüni meň bilen geçirjege meňzedi. Begendim. Gatyrak begenäýipdirin öýdýän. Başa barmady. Näme üçin başa barmanyna özümem haýranlar galdym. Ýönekeýje zat üstünde dawalaşdyk. Bir gün gepleşip otyrkak läşgeden gep çykdy we ony halamaýandygyny aýtdy. Men bolsa halaýanymy aýtdym. Wiý, ýadyma düşdi, "Haýsy naharlary halaýaň?" — diýipdi. Şonda çykdy şol "Läşgeli" gürrüň. Halaýan diýsem "ööö... ondanam bir nahar bomy?" — diýdi. Menem "Sen iýme-de, maňa kä ýarymjyk bişirip beräý" diýdim. "Ellejek zadym ýok, ony görenimden ýüregim bulanýa" diýdi. Birden dostlarym oturmaga gelse, ondadam ellejek dämi? Nahar bişirip berjek dämi diýsem, nagt jogap "Ýok!" — diýdi. Şuň üstünde kiçiräk dawalaşdyk, ýöne oň meni terk edip gitmegine bu dawa sebäp bolmady. Bir-iki günden ýene dawalaşdyk. Geň zat. Men yrsaramok, maňa yrsaraýar. (Men azar beremok, maňa azar berýär) Bir ýerik barýarkam oňa jaň etdim. Barynçam gürleşsemem diýip. Çigitjik çigitlän bolup, oň bilen gürleşip barýardym welin, ýene maňa yrsarap başlady. — Çigit çigitleýäňm-aý? — diýip. Hawa diýsem, — Çigitleme! — diýdi. O näme üçin? — diýsem, ýa çigidiňi ýa meni saýla diýdi. Tutdy meňkem. Şonda-da entek hiç zat diýemok. Çigidimiň saňa näme zyýany bar? — diýip geň galdym. Hem geň galýan, hem bolşuna gaharym gelýär. Şol çigidä goýamok, çigit çigitläp durkam gürleşjek, sorag barmy diýemde, "Çigidiň menden zerur boldy dämi? Sagbol!" — diýdi-de trupkany goýdy. Ýatsam-tursam garaşmaýan jogabymy aldym. Aý bolýar, zyýany ýok, maňa ýamanlyk edenler hemmäňize minnetdar, "haýaty aňlatdyňyz" ;)))))
Meni bloga salypsyň, günde iki gezekden 3 gün jaň etdim, almadyň, açmadyň, özüň gowusyny bilýänsiň. Ýoluň ak bolsun! Pylany jan, oňaranyň ogly bolsun, bileniňden galma! Eger şu ýazgyma gözüň düşüp bir zatlar ýazasyň gelse täze nik açda özüňi tanatman geläý, kim tanamasada men tanaryn! Hawa, "Söz eýesine" diýleni, geliberiň, ýokarda belläp geçişim ýaly men iň açyk hem iň ýapyk oglan :)
Bu blogyň näme üçin çap bolanyna geň galyp oturma, gara sanawa girenimi bilip, gaharyma sms hem ýazmadym. Meni terk edip gideniňe görä maňa beren sowgadyňam alyp git! Meni terk edip gidenleriň sowgadam gerek däl! Ýöne häzirem giç däl, çorna sen salsaňam men salmadym! Bärde düşünişesiň gelse bärde, isleseňem öňküje nomer...
Bellik: Menden geň görmäň, bu bir samyrdama. Haçan akyllanjagymam diňe Alla bilýär.
Şahslaryň tanalmazlygy üçin gizlinlik syýasatynyň düzgüni berjaý edildi :)
Ahmet Gurbanmyradow✍
Gynanýan... (Içgepletme)
Sorag-jogap,
Vekil_City
tarapyndan
12-12-2022, 10:03