Gara gije. Gara üzüm-500ml. Gara tel. Çal komp. Ýaşyl kitap. Syýasy gutaran gök ruçka. Gara gök. Çyra. Ak öý goşlary. Elime ilen ýerini açdym kitabyñ. Köne yrymym. Köne endigim bu. Özüne degişli otagy bolmadyklar hakda aýdýar awtor. Meniñ özüme degişli otagym bar. Diýmek bu maña degişli däl. Ýapdym. Awtoryñ gözlerine dikdim görejimi. Ýaş-gögele, oglan-oglanjyk döwürlerimde bardy mende beýle owadan garaýyş, bilemok häzir nähili. Şu wagtky özüme baha bermegi, geljekki 10 ýyla goýaýyn gowsy. Ýazmadyk hekaýalam, okamadyk kitaplarym, kaza goýlan amallarym mynçgaýar häzir ýüregmi. Irkiljek-irkiljekde-de uklabilmän, gezdim birsalym, hekaýa okadym...
Gowsy gezmäge çykaýyn. Pyýada ýöremek hakda gör näçe pelsepe otarypdym. Gije, hasam ýene 1-2 sagatdan, täk başyña, ýüzüñi göge tutup ýöremegiñ lezzeti hakda gürrüñ bersem, belkem meni romantik hasaplajaklar kändir. Ýöne romantika-elmydama golaýyna barmaýanym, dodak çöwrüp, señrik ýygyrýanymdy. Indi-hä pisindem edemok... gowsy ýöremäge gideýin. "Ýoly ýörän ýeñer" diýýäler. Men bolsa ýoly däl, özümi ýeñýän ýörämde...
17.dekabr.2022. 2:44
awtor:kesirekelle
Özümden ýeñilýän bu günler
Sorag-jogap,
kesirkelle
tarapyndan
17-12-2022, 02:50