Bize diniň taryhy barada gürrüň berenlerinde adatça gowy taraplaryny gürrüň berýärler. Men size bu gezek has ajy we gamgyn ýerlerinden bir bölek gürrüň bermekçi;
Muhammet pygamberiň gyzy Patma heniz 10 ýaşynda wagty 52 ýaşyndaky hezreti Omar (dört çaryýarlaryň biri) pygamberden gyzy Patmany özüne bermegini soraýar. Muhammet pygamber “gyzym entek kiçi hem-de agamyň ogly Ala (dört çaryýarlaryň biri) berjegime söz berdim” diýip Patmany hezreti Omara bermeýär.
Patma 12 ýaşyna basanda 26 ýaşyndaky hezreti Ala durmuşa çykarylýar. Olaryň Ümmü Gülsüm adynda gyzy bolýar.
Hezreti Omar 62 ýaşynda halyf bolýar. Hezreti Omar halif bolansoň, hezreti Aly we Patmadan gyzlary Ümmü Gülsümi özüne aýal edip bermegi soraýar. Ümmü Gülsüm 9 ýaşynda bolansoň hezreti Alyň beresi gelmeýär. Hezreti Omar wezipesini we güýjüni ulanyp gorkuzmaga çenli her-hili ýoly barlaýar. Hezreti Aly şonda-da razylaşmaýar. Mundan soň bolsa hezreti Omar, niýetiniň diňe Allahyň resuly bilen garyndaş bolmakdygyny we Ümmü Gülsüme ölýänçä el degirmejegine, diňe nikalanjakdygyna Allahyň adyndan ant içýär. Şeýlelikde hezreti Aly razylygyny berýär we hezreti Omar 40 müň dirhem galyň töläp 9 ýaşyndaky Ümmü Gülsümi özüne nikalap alýar.
Ümmü Gülsüm 11 ýaşyna gelende hezreti Omardan bir ogly bolýar, 13 ýaşyna gelende ýene bir ogly bolýar. Bu iki çaga-da heniz kiçijek wagty ýogalýar.
Ümmü Gülsüm hezreti Omaryň 9 aýalynyň 7-njisidir.
Hezreti Omar ölensoň Ümmü Gülsüm jemi 5 sapar äre barýar (hemmesi-de garry adamlar). Bu naçar 22 ýaşyna çenli ýene 4 çaga dogurýar we 22 ýaşynda aradan çykýar.
Ümmü Gülsüm
Bilim,
Panturkist
tarapyndan
28-12-2022, 08:15