Yslam taryhynda Hezreti Hatyja, Hezreti Fatyma ýaly gelin-gyzlaryň biri hem Ümmi Gülsüm bolupdyr.
Şu ýerde bir zady belläp geçmekçi bolýaryn. Olam şaýylaryň rowaýatlarynda beýan edilýän ýapa degmeýän rowaýat nä derejede dogryka? Şaýylaryň aýtmaklaryna görä: '' Ümmi Gülsüm üçin Hezreti Omar Hezreti Alynyň ýanyna barýar. Hezreti Aly onuň kiçidigini aýdanda Hezreti Omar oňa haýbat atýar. Hezreti Omar Hezreti Alynyň Fatymadan bolmadyk başga bir aýalyndan, ýagny Alynyň Nejrandan getiren jyn bilen durmuş guransoň şondan bolan gyzyny Hezreti Omara berilendigi ýaly ýapa degmeýän rowaýaty getirýärler. Özem şeýle şyltaklaýyn döredilen rowaýatlar gaty kän...
Aslynda Musulmanlyk Yslamda Şaýy kitaplaryndan däl-de Sünni kitaplaryndan gözlenilýär. Sebäbi Sünni ýoly Yslamda Muhammet pygamberiň ýoluny düzýär. Onuň yzyny dowam etdirýär. Şonuň üçin Yslam taryhynda Şaýy mezhebiniň kitaplaryndan däl-de Sünni mezhebiniň kitaplaryndan salgylanmaly.
Ümmi Gülsüm 627-nji ýylda Hezreti Aly bilen Hezreti Fatymanyň maşgalasynda eneden dogulýar. Ümmi Gülsüm 9 ýaşyna ýetende Hezreti Omar (2-nji halyf) hezreti Alynyň ýanyna gelip Muhammet aleýhyssalam bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açmakçydygyny ýaňzydanda Hezreti Aly öz gyzynyň intek çagalyk ýaşyndadygyny, onsaňam ony öz jigisi Japar bin Abu Talyba berjekdigini aýdyp garşy çykýar. Ýöne Hezreti Omaryň ýalbarmagy bilen gyzy Ümmi Gülsümi oňa berýär.
Ümmi Gülsüm Hezreti Omara 638-nji ýylyň soňky aýlarynda durmuşa çykýar. Omardan onuň Rukiýýe atly gyzy bolýar. Soňra Ümmi Gülsüm ikinji çagany dogurmaly bolanda perzent dünýeden ötýär.
Hezreti Omar dünýeden öten soň agasy Japar bin Abu Talybyň ogly Awna durmuşa çykýar. Ol dünýeden öten soň Awnyň jigsi Muhammede durmuşa çykýar, onuň wepadyndan soň bolsa Abdylla durmuşa çykýar.
Şu ýerde şyltakçylar Ümmi Gülsümiň birnäçe gezek, birnäçe erkege durmuşa çykandygyny geňirgän bolýarlar we ýapa degmeýän rowaýatlaryna goşant goşmaklaryny dowam etdirýärler.
Yslam taryhyna, medeniýetine şol döwrüň üsti bilen göz aýlamak, dogry düşünmek gerek... Ärsiz galan dul Ümmi Gülsüm kakasynyň öňki wesýetini berjaý etmekçi bolup Japar bin Abu Talybyň ogly Awna, ol dünýeden öten soň jigsi Muhammede, olam dünýeden ötensoň Abdylla durmuşa çykmaly bolýar. Ümmi Gülsümiň ajy ykbalyna durmuş gülüp bakmaýar. Ol şol ömri boýunça hem adamsy Hezreti Omary we kakasy hezreti Alyny razy etmek ugrunda çytraşypdyr.
Ümmi Gülsüm 680-nji ýyla golaý wagtlarda dünýeden ötende onuň jynaza namazyny öweý ogly Abdylla bin Omar okadýar.


Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy:

1. Muhammad ibn Saad. Kitab al-Tabaqat al-Kabir vol. 8. Translated by Bewley, A. (1995). The Women of Madina. London: Ta-Ha Publishers.
2. Muhammad ibn Saad. Kitab al-Tabaqat al-Kabir vol. 3. Translated by Bewley, A. (2013). The Companions of Badr, p. 204. London: Ta-Ha Publishers.
3. Mus‘ab b. Abdullah ez-Zübeyrî, Nesebü Kureyş (nşr. E. Lévi-Provençal), Kahire 1982, s. 349
4. Huriye Martı, TDV İslâm Ansiklopedisi, cilt: 42, sayfa: 323-324

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jekwarabey tarapyndan 31-12-2022, 23:05

  • Jekwarabey Jekwarabey off № 1 31 декабря 2022 23:11
    Şu temada https://biz.islenen.ru/21729-ummu-gulsum.html
    @Vekil_City agzanyň haýyşy boýunça açyldy...

    Vekil_City
    Hemedany,
    Jekwarabey,
    Ümmü Gülsüm barada hakyky maglumaty paýlaşyp bilermisiňiz kyn görmän?
    Jogap
  • Soho Soho off № 2 31 декабря 2022 23:26
    her dowur bir dowur...
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 3 1 января 2023 04:20
    Jekwarabey,
    Zametkama belläp galdym, soňurrak okaryn. Paýlaşanyňa köp minnetdar!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler