01.01.2023 senede takmynan gije sagat 04:00 töweregi Türkiýäniň atv kanalynda "Son siğinak atly bir kinofilm boldy. Kinoň animasiýasyna aşyk boldum. Türkmenler şeýle kinony haçan çykararkalar? Kinony dolulygyna diýen ýaly gördüm. Kinoň montaž işleri şeýle bir ussatlyk bilen işlenilipdir welin, gözüňdäki ukyňy gözüňden uçurýar.
Kinofilm kosmosdan Ýere gaçýan meteoritler barada gidýär. Ýer şary meteor ýagyşyna sezewar bolýar. Kino diýseň gyzykly, her bir pursat hakyky durmuşa meňzeýär, ýagny, montaždygy bildirenok diýjek bolýan. Daşlaryň Ýere, uçup barýan wertelýotlara, ýerdäki maşynlara, şäherlere degip hakyky bolup biläýjek wakalary ussatlyk bilen wideoşekile geçirmek näderejede kyn işdir?! Göýä hakyky wakalary kamera alyp, hakyky bolan wakalara telewizorda tomaşa edip oturan ýaly... Şol kinoň rus dilindäkisini alyp täzeden görmeli. Sebäbi türkler belli meşhur kompaniýalarynyň emblemalaryny (bizde emblema diýilýär, asly öz adyny bilemok :) Emblema şulara aýdylýar: maşynlaryn markalary, meselem, maşyn bmw bolsa şol bmw belligi gizleýär. Islendik maşyn bolsa bolaýsyn, znaklaryny gizleýär. Diňe maşyn däl, köçedäki islendik önümleriň markalary gizlenilgi) gizläp görkezýär. Spirtli içgiler, çilimler, gizlenilýär, hapa-paýyş sözleri sessiz goýýar, söýgülileriň posalaryny we beýleki gatnaşyklaryny gyrkyp aýyrýar. Bu bolsa kinoň lezzetini gaçyrýar. Gaharyňy getirýär. Biriniň bir ýeri çapylsa, döwülse, gan aksa, eli gopsa, aýagy ... wakalaryň ählisi gizlenilýär. Biz-ä şol ýerleri gyzykly, eliniň nädip gopuşyna tomaşa etjek bolýaň welin, resga gizleýärler (pozuk-pozuk görkezýär).
Indi kelläňe gelmejek soragy orta atýan, TÜRKMENLER şuňa meňzeş kinolary haçan döredip başlarlarka?!...

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Vekil_City tarapyndan 2-01-2023, 03:06

  • Vekil_City Vekil_City off № 1 2 января 2023 03:11
    Padeniýe angela
    Padeniýe London ýaly kinolaryň montažam bet. Awatar kinony diýsene... Apokalipsis, henkok, poworot ne tuda, punkt naznaçeniýe we ş.m......
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 2 2 января 2023 03:13
    Iň bolmanda şeýle kinolary terjime edip türkmen kanallardan goýbersede boljak welin... Aý bor-da, gowusy ?
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 3 2 января 2023 04:57
    Bizaraý şu Sina pirlanta-dan. Beýle-de bir ýürege düşgünç mahabat bolar ekeni...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 2 января 2023 08:15
    2223-nji ýylda ???
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 2 января 2023 08:16
    Kinofilm kosmosdan Ýere gaçýan meteoritler barada gidýär. Ýer şary meteor ýagyşyna sezewar bolýar. Kino diýseň gyzykly, her bir pursat hakyky durmuşa meňzeýär, ýagny, montaždygy bildirenok diýjek bolýan.

    Şu kinodakylaram NASAdan gowy montaj edýäreý. ???
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 6 2 января 2023 08:40
    Indi kelläňe gelmejek soragy orta atýan, TÜRKMENLER şuňa meňzeş kinolary haçan döredip başlarlarka?!...

    Kimiň kellesine gelmejek sorag bu?
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 7 2 января 2023 08:43
    Vekil_City
    Padeniýe angela
    Padeniýe London ýaly kinolaryň montažam bet. Awatar kinony diýsene... Apokalipsis, henkok, poworot ne tuda, punkt naznaçeniýe we ş.m......

    Ahmet pawarot ne tudada ýekeje ýalñyşlyk yeri ýadymda galdy bilýan bolsañ bir adaty adamyñ dik depesinden gylyçmy birzat bn uryarda deñ ikä bolýar dikligine,soñ iki bolup şol ýatan ýerinde(asfaltda) şol bölingini aýagyndan tutup süýräp äkitýarler.ind aytjak bolyanm şol süýreleniñ gany yok asfaltda.mantažda şojagaz yeri gansyz sypdyrylypdyr.ýogsa göwräñ her taýyny birisi süýräp barýarka gan bolayjak ýaly.
    Jogap
  • Soho Soho off № 8 2 января 2023 10:44
    "shulam aydymmy namemi bir zat aydyan bolmaly, telewizorda 1-2 gezek gorundi, talandy bolmanda name, gozlap, kosenip, ozumize ishi kopeldenimizden alalyn shuny" diymanjik, shaherdir-obalara aylanyp, zehinli, talantly oglan-gyzlary gozlap tapmaly...
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 9 2 января 2023 10:44
    Aksary.
    Vekil_City
    Padeniýe angela
    Padeniýe London ýaly kinolaryň montažam bet. Awatar kinony diýsene... Apokalipsis, henkok, poworot ne tuda, punkt naznaçeniýe we ş.m......

    Ahmet pawarot ne tudada ýekeje ýalñyşlyk yeri ýadymda galdy bilýan bolsañ bir adaty adamyñ dik depesinden gylyçmy birzat bn uryarda deñ ikä bolýar dikligine,soñ iki bolup şol ýatan ýerinde(asfaltda) şol bölingini aýagyndan tutup süýräp äkitýarler.ind aytjak bolyanm şol süýreleniñ gany yok asfaltda.mantažda şojagaz yeri gansyz sypdyrylypdyr.ýogsa göwräñ her taýyny birisi süýräp barýarka gan bolayjak ýaly.

    Bu ýalňyşam ýalňyş welin, dik ikä bölünmejegi dälä ýasno... eşigi-peşigi bilen böläýýämi ? Şeýle ýalňyşlyklar kinodan sowaşdyryp başlaýar welin, montažlar ýene kinoň içine çekip ugraýar gerek :)))
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 10 2 января 2023 10:47
    Pegas
    Indi kelläňe gelmejek soragy orta atýan, TÜRKMENLER şuňa meňzeş kinolary haçan döredip başlarlarka?!...

    Kimiň kellesine gelmejek sorag bu?

    Türkmenleriň sungatyndan nägile her bir sungat söýüjiniň kellesine gelip biler meniň pikirimçe:)
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 11 2 января 2023 10:47
    Khanture
    Kinofilm kosmosdan Ýere gaçýan meteoritler barada gidýär. Ýer şary meteor ýagyşyna sezewar bolýar. Kino diýseň gyzykly, her bir pursat hakyky durmuşa meňzeýär, ýagny, montaždygy bildirenok diýjek bolýan.

    Şu kinodakylaram NASAdan gowy montaj edýäreý. ???

    Telpek goýýaň gerek???
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 12 2 января 2023 10:48
    Khanture
    2223-nji ýylda ???

    Näbileýin-dä, şonda-da çykarmajak ýaly bolup dur bir-hili...
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 13 2 января 2023 10:50
    Soho
    "shulam aydymmy namemi bir zat aydyan bolmaly, telewizorda 1-2 gezek gorundi, talandy bolmanda name, gozlap, kosenip, ozumize ishi kopeldenimizden alalyn shuny" diymanjik, shaherdir-obalara aylanyp, zehinli, talantly oglan-gyzlary gozlap tapmaly...

    Giň ýeriň gürrüňini edýäniňden habaryň barmy agam :)
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 14 2 января 2023 11:00
    Şu gün gije bolsa (ýaňy, 5-6 sagat mundan ozal) Alfa kurt (terjimesi ýalňyşmasam Alfa möjek bolmaly) atly kino boldy. Oňat kino, onam gördüm. Ýöne uky režiminiňä ejesini uwlatdym :))) Gündiz ýatma, gije ýatma, bir hepde bäri ibaly uklap göremok, şu wagta kellä saman däl salýarka guýlan ýaly :))
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 15 2 января 2023 11:08
    Soho,
    Şular harasady bir alaýmasyn şony dagyn alaýsalar Oguz han adyndaky tmfilm birleşigi tutuş dünýä masgara bolýar :D :D :D
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 16 2 января 2023 11:11
    Onsaňam bir zada düşünip bilemok, näme Türkmenistanda kinofilm studiýasyndan ýekejesi barm-aý? Olam şol Oguz han. Ýa başga studiýalaryň kinolaryna gabat gelemzok, ýa-da ýekeje studiýa bar. Ikiden biri.
    Jogap
  • Aksary. Aksary. off № 17 2 января 2023 11:48
    Vekil_City
    Aksary.
    Vekil_City
    Padeniýe angela
    Padeniýe London ýaly kinolaryň montažam bet. Awatar kinony diýsene... Apokalipsis, henkok, poworot ne tuda, punkt naznaçeniýe we ş.m......

    Ahmet pawarot ne tudada ýekeje ýalñyşlyk yeri ýadymda galdy bilýan bolsañ bir adaty adamyñ dik depesinden gylyçmy birzat bn uryarda deñ ikä bolýar dikligine,soñ iki bolup şol ýatan ýerinde(asfaltda) şol bölingini aýagyndan tutup süýräp äkitýarler.ind aytjak bolyanm şol süýreleniñ gany yok asfaltda.mantažda şojagaz yeri gansyz sypdyrylypdyr.ýogsa göwräñ her taýyny birisi süýräp barýarka gan bolayjak ýaly.

    Bu ýalňyşam ýalňyş welin, dik ikä bölünmejegi dälä ýasno... eşigi-peşigi bilen böläýýämi ? Şeýle ýalňyşlyklar kinodan sowaşdyryp başlaýar welin, montažlar ýene kinoň içine çekip ugraýar gerek :)))

    Içegesem çoganok şonuña.interesno läş boldy
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 18 2 января 2023 11:55
    Aksary.,
    Goýunyň, sygyryň kelle-aýagyny arassalaýas welin, bizä palta bilen dişini zordan dowýäs :) bir gezek öküziň kellesini arassalap otyrdyk, gazana sygmajak boldy, ullakan palta bilen ikä bölüp atmaly boldy, iň soňky güýjüm bilen paltany eňterdim kelleden. Näme bolandyr öýdýäň? Kelle bölünmänjik uçup gitdi, palta bolsa aşagyndaky agajy, süwse betony pytratdy ?
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 19 3 января 2023 11:31
    Soho,
    Ýüregim bola agam...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler