Orta mekdebi gutaran biri edebiýat, himiýa we ş.m… babatda iň elementar zatlarda ortaça bilime eýe hasap edilýär. Mekdebiň funksiýasam şol. Töwregimizi gurşap alan dünýä düşüner ýaly ortaça bir sowat bermek.

Ençeme ýyl öň şol bir brendiň 2 hili şampunynyň arasyndan iň optimalyny saýlajak boldum. Düzümine seredemde şol himikatlaryň hiç birine düşünmeýändigim ünsümi çekdi. Ol wagtlaram orta mekdebi gutaranyma 1–2 ýyl geçipdi. 10 ýyllap okap, himiki hasaplamalara, kesgitlemelere şonça ýyllap kelle döwüpdim, ýöne netijede ýönekeýje bir sabynyň düzümine-de düşünemokdym.

Edebiýat-sungat babatda hem şolar ýaly. Flober bilen Balzagyň tapawudy näme? Nämüçin Pikassonyň gyşyk formalary kubizm diýlip arşa göterilýär-de, 3 ýaşly inimiň edil şoňky ýaly suratlarynyň hiç hili ähmiýeti ýok?

Kiçijik zatlar, ýöne, möhüm zatlar. We biz şu zatlary internetden öwrenmeli bolýas. Jazz näme, pop näme? Sabynyň düzümi näme? Nädip kompýuterimi oňarmaly? Niräm agyrýar? Towugy nädip soýmaly? Noýbany nädip ekmeli?

Iň gowusy mekdepler şu zatlary öwretsinlaý. Barybir beýleki zatlar ekzamenden soň ýatdan çykýar. Durmuşda-da gazandyrýan zady ýok.

PS. Hünär bilimi babatda 70–20–10 diýlen bir formula bar. Oňa görä adamlar öwrenip biljek zatlarynyň 70%-i informal usulda, ýagny işde, tejribede, özi islegi bilen ondan-mundan gözläp öwrenýär. Bary ýogy 10%-ni formal usulda öwrenip bilýär. Ýagny mugallymlaryň 10 ýyllap kelle döwüp öwredip başarjak zady gaty ujypsyz…

Gutly ÝEGENDURDYÝEW

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Babababababaý tarapyndan 14-01-2023, 13:14

  • Owrenyan Owrenyan off № 1 14 января 2023 13:54
    Mürzekerim Senagulowiç Narbegow atly, 1957-nji ýylda Jyzak welaýatynyň Osmet-Bahmal etrabynda doglan, akademikden gelenbir känbilgir ýaşuly bar. Soňky ýyllar orsuň ORTasyndanam erterindenem, inetiň ýubutyndanam düşmeýär. Şol aýdýar: "Tigir sürmäni bir gezek öwrenen ony 10-20 ýyllap sürmese-de, tä ömri ötinçä şony nädip sürmelidigini ýadyndan çykarmaz. Emma mekdepde öwrenen zatlarynyň aglaba köpüsini öwrenen gününiň ertesi ýadyndan çykarar".
    Ýene-de özüniň açan sagaldyş merkeziniň mahabat posterinde aýdýar: "Gündogarda adamyň ömrüniň 495 gyraňy bar diýlip hasap edilýär. Bu 495 gyraňy hiç birem beýlekisiniň ýerini çalşyp bilmeýär. Eger-de olaryň iň bolmanda birinde bärdengaýtma (säwlik, şikes) bar bolsa, onda bagtyýarlyk duýgusy, kanagatlanmak, hakyky şowlulyk gelmeýär. Öz üstüňde işlemek bilen, hemme gyraňlaryňy tertibe salyp, siz öz ömrüňiziň sünnälemäge başlaýarsyňyz. Şeýdibem tapyndy daş çirksiz we tämiz göwhere öwrülýär".
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 2 14 января 2023 13:54
    Эгер гозуне горкезилип душундирилсе ,душунмейан задынам душнукли болян экен. Бир гезек чопан гошунда бир чопан овретди математиканын надогры я догры дробы хакындакы душунжани.Чопан окде математик болан,йоне арак коп ичип иш ерлеринден ковлан адам . Авчылыгам эдйарди. Шондан сорапдым догры дроб наме надогры дроб наме? Пахыр ок ясап отуран вагтыды. ,, Середин" дийди Шу пешенин ичине салян сечмелериме дроб дийилйар дийди. Мен тупени сечме ок бн долдурдым,индам сиз хол ерде дурун, эгер мен шу бир ок бн икинизам ятырсам онда ДОГРЫ ДРОБ боля, эгер бир окда биринизи ятырсам онда НАДОГРЫ ДРОБ боля . душундинизми?я атып душундирейинми?дийдиХаны душунман гор. Эгер шу усул бн овредилсе душунмежек адам галмаз. Дроб,дробленка,сечме маныны берйан экени. Шу дробы догрусыны айтсан коп мугаллымларын озлерам душуненок.
    Jogap
  • Owrenyan Owrenyan off № 3 14 января 2023 14:05
    Mugallyma okuwçyň ata-enesine hat ýazyp iberýär:
    "Siziň çagaňyz hiç zat bilenok!".
    Kakasy yzyna jogap ýazýar:
    "Şoň üçinem biz ony mekdebe ugradýas-da!".
    Jogap
  • Owrenyan Owrenyan off № 4 14 января 2023 14:07
    Atasy sekiz ýaşly agtygy bilen ýöräp barýar. Birdenkä atasy pyşyrdaýar:
    -Bukul oglum! Bu gün mekdepden galdyň. Hanha-da mugallymaň gelýä.
    Oglanjyk howsala düşmän, atasyna pyşyrdaýar:
    -Sen bukul, ata! Men mugallymadan sen öldüň diýip rugsat aldym.
    Jogap
  • Owrenyan Owrenyan off № 5 14 января 2023 14:09
    Sowet döwründe tükenen tüntaw bolmak üçin arak içmelidi, çilim çekmelidi, mekdebe barman ýa-da sapaklardan gaçyp gezmelidi, häzirki döwürde bolsa munuň üçin diňe smartyňy ýitirmek ýeterlik.
    Jogap
  • Owrenyan Owrenyan off № 6 14 января 2023 14:10
    Oglanjyk kakasyna ýüzlenýär:
    -Kaka, seni synp ýolbaşçymyz mekdebe çagyrýamyş!
    -Nämüçin?
    -Näbileýin-aý, kaka! Şon-a özümem bir aý bäri göremok...
    Jogap
  • FanB FanB off № 7 14 января 2023 21:38
    Ortaça 10 yyllap okan bir okuwcy insonunda okap yazmany, + - × ÷ amallaryny, Kartada Russiyanyn nirde yerlesyanini, H2O-ny, Zdrastvuyte sozuni, Hello sozuni, Magtymgulynyň "Türkmeniň" goşgusynyň birinji bendini, Birem Makedonski we Çingiz hany bilyar. Tutuş 10-yyllyk owrenmeli mekdep programmasynyň 10%-de yetenok. Orta mekdebin programmasynyň welin 30%-i durmuşa yaramly. Galany wagtyňy howa gidirmek.
    Jogap
  • Ependi Ependi off № 8 14 января 2023 23:00
    Noýbany nädip ekmeli?

    Şu sözlemi okap, daşary ýurtlaň okuwçylara öwredýän tejribesi ýadyma düşdi. Biologiýa sapagynda, okuwçylar üçin ýörite ýerjagaz bölünip berilýär eken. Pomidor, käşir, hyýar, umuman bakja önümleri okuwçylara ekdirip, ýetişýänçä özlerine seretdirýän. Hem okuw hem tejribe. Kartoşkany dagyn haltada ekiliş usulyny okuwçylara şonda öwredilýär eken. Biz bolsa, şol usuly entegem bilemzok. Hytaýlarda göräýdim öýdýän şu okuwy, ýalňyşmasam.
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 9 15 января 2023 12:26
    Iň gowy mekdep durmuş mekdebi...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler