GELIN
GELIN
Miweler ýygnalyp,
Hasyl sowulyp,
Daragtlar gollaryn gerende gyşa, --
Deň-duşunyň arasyndan sogrulyp,
Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa.
Ol gyz şonda edep bilen aglady,
Gözýaşlary patrak ýaly seçildi.
Gyzlyk bilen gelinligiň arasy,
Sanaýmaly minutlarda geçildi.
Ynjalanok giň otagda aýlanyp,
Gyzlygyna uçup gidýär hyýaly.
... Otyr gelin durşy bilen şaý bolup,
Tokaýy küýseýän arça mysaly.
ORAZGYLYÇ ÇARYÝEW
Miweler ýygnalyp,
Hasyl sowulyp,
Daragtlar gollaryn gerende gyşa, --
Deň-duşunyň arasyndan sogrulyp,
Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa.
Ol gyz şonda edep bilen aglady,
Gözýaşlary patrak ýaly seçildi.
Gyzlyk bilen gelinligiň arasy,
Sanaýmaly minutlarda geçildi.
Ynjalanok giň otagda aýlanyp,
Gyzlygyna uçup gidýär hyýaly.
... Otyr gelin durşy bilen şaý bolup,
Tokaýy küýseýän arça mysaly.
ORAZGYLYÇ ÇARYÝEW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет