Gyzykly maglumatlar
salam dostlar! Bu temada ondan mundan cöplan gyzykly maglumatlarymy paylashayn diydim!Sowukdan goranyň! Ellerimiz, aýakla rymyz we gulaklarymyz sowuk howada üşemän galsa, biz üçin kän bir gowy bolmazdy. Biziň bedenimiziň ýaradylşy diýseň özboluşlydyr, täsindir. Sowuk howada bedenimiziň ýylytma ulgamy özüniň işjeňligini bedenimiziň içerki agzalaryna bagyşlaýar. Bedeniň ýylylygy gan aýlanyşyk bilen baglanyşyklydyr. Howa sowanda barmaklara, gulaklara we şuňa meňzeş agzalara bar ýan ganyň mukdary azalýar. Ganyň ep-esli mukdary bolsa içerki agzalara gidýär. Şeýlelikde, bedenimiziň içerki agzalaryna ýylylyk aralaşýar. Şol wagt barmak, gulak ýaly agzalarymyz üşäp başlaýar. Şonda ynsan bedeniň daşky agzalaryny ýyly saklamak üçin ellik, telpek geýýär. Ýürek, beýni, bagyr ýaly içki agzalar bolsa özlerine gelýän ganyň mukdarynyň köpelýändigi arkaly sowukdan goranyp bilýärler. Ellerimizidir aýaklarymyzy bolsa ýylyjak eşikleriň kömegi bilen özümiz goraýarys. Hereket etmegiň peýdasy Häzirki wagtda iň howply keselleriň biri düwnük keselidir. Düwnük keseli nämekä? Geliň, şonuň bilen gysgaça tanşalyň! Bedenimiz gün geçdigiçe işjeňligini artdyrýan fabrik ýalydyr. Bu fabrigiň iň kiçi janly gurluşy bolsa öýjüklerdir. Öýjükler yzygiderli bölünip, täze we sagdyn öýjükleri emele getirýärler. Muňa garamazdan, käwagtlar käbir öýjükler gözegçilikden çykyp, adaty däl ýagdaýda köpelmek bilen bolýarlar. Muňa düwnük diýilýär. Öýjükleriň şeýle ýagdaýda köpelmegi bilen genimiz käbir üýtgetmelere sezewar bolýar. Adatça, bedenimiz zeperli öýjükleri daşyna zyňýar. Emma spirtli içgiler, çilim, hapa howa, azyk önümleriniň düzümindäki käbir goşundylar ýaly zatlar arkaly genimize zeper ýetip bilýär. Şeýlelikde, adaty däl ýagdaýda köpelýän öýjükler düwnük keselini döredip bilýärler. Bu keselden goranmak üçin sagdyn hem-de wagtly-wagtynda iýmitlenmek, yzygiderli sport bilen meşgullanmak, himiki maddalardan we goşundylardan uzak durmak örän zerurdyr. Garynja süňksüz däldir Ýöreýän, ylgaýan, mydam hereketde bolan garynjanyň ystyhansyzdygyny (skeletsizdigini) göz öňüne getirmek mümkin däldir. Çünki, garynjalar gurçuklar ýaly süýrenmeýärler. Iň bärkijesi, garynjalaryň aýaklaryndaky sepişik onuň ystyhanynyň bardygyny subut edýär. Ýöne garynjalaryň ystyhanynyň örän özboluşly aýratynlygy bardyr. Garynjalarda ystyhan bedeniň daş tarapyndadyr. Garynjanyň bedeniniň daş tarapyndaky ystyhany bedeniň içerki ýumşak agzalaryny goraýar.
Gyzykly maglumatlar
Bilim,
Gonurly
tarapyndan
16-01-2023, 10:11