GUSSA
GUSSA
Arzuwlam el berip umytly kalba,
Senli günleñ gelerine garaşdy.
Dymmaklyga juda öwrenşen ýürek,
Bu gün duýgym bilen çynlaý göreşdi.
Sowgat etdiñ,özgä dözmez ýüregñi,
Şol günleriñ bakylygny dilediñ.
Arman gowşurmady saña geregñi,
Bakylyk ýolundan ýeke ýörediñ.
Myhman bolup geldi kalbyma gussa,
Indi ony götermäne gurbat ýok.
Mert bolup ötürdiñ ömrüñi gysga,
Gursagymda özge üçin hezzet ýok.
Kötel ýollar bilen barýaryn assa,
Büdresemde,çoýan söýgiñ oýarýar!
Bir çag dogan günüm ömürlik batsa,
Gamly ruhum huzuruñda daýanýar!
Ogulhally MUHAMMEDOWA.
Arzuwlam el berip umytly kalba,
Senli günleñ gelerine garaşdy.
Dymmaklyga juda öwrenşen ýürek,
Bu gün duýgym bilen çynlaý göreşdi.
Sowgat etdiñ,özgä dözmez ýüregñi,
Şol günleriñ bakylygny dilediñ.
Arman gowşurmady saña geregñi,
Bakylyk ýolundan ýeke ýörediñ.
Myhman bolup geldi kalbyma gussa,
Indi ony götermäne gurbat ýok.
Mert bolup ötürdiñ ömrüñi gysga,
Gursagymda özge üçin hezzet ýok.
Kötel ýollar bilen barýaryn assa,
Büdresemde,çoýan söýgiñ oýarýar!
Bir çag dogan günüm ömürlik batsa,
Gamly ruhum huzuruñda daýanýar!
Ogulhally MUHAMMEDOWA.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет