KAKAMA
Perzentleriň dowamyňdyr,
Ogullaryň — döwlet başyň.
Gaýgysyz gezmegiň üçin
Boljak borun göwün hoşuň.
Ogluň ornun tutmasam-da,
Perzentlik borjum haklaryn,
Dilegim: dik bolsun başyň,
Mydam hormatyň saklaryn.
Etjeklerim dogry gelse
Kalbymdaky ynsabyma.
Düşün, kaka, razy menem
Şygry beren ykbalyma.
Merdem başyň egilmesin,
Gowy habar barsyn bizden.
Gowulykdyr bar dilegiň,
Kän zat tama dälsiň, bilsem.
Menem at-abraýym üçin
Elimde baryn ederin.
Seň beren halal duzuňy
Haklajak borun, PEDERIM!
Bilbil KAKABAÝEWA
Ogullaryň — döwlet başyň.
Gaýgysyz gezmegiň üçin
Boljak borun göwün hoşuň.
Ogluň ornun tutmasam-da,
Perzentlik borjum haklaryn,
Dilegim: dik bolsun başyň,
Mydam hormatyň saklaryn.
Etjeklerim dogry gelse
Kalbymdaky ynsabyma.
Düşün, kaka, razy menem
Şygry beren ykbalyma.
Merdem başyň egilmesin,
Gowy habar barsyn bizden.
Gowulykdyr bar dilegiň,
Kän zat tama dälsiň, bilsem.
Menem at-abraýym üçin
Elimde baryn ederin.
Seň beren halal duzuňy
Haklajak borun, PEDERIM!
Bilbil KAKABAÝEWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев