GELMEDIŇ
Pikirleriň arasynda azaşdym,
Sag nirede, sol nirede — bilmedim.
Saňa bagtyň çürbaşynda garaşdym,
Gelmediň.
Pynhan duýgularmy salyp setire,
Ýüregimiň çawuşyny diňledim.
Ünjiň otly gujagyna iterip,
Gelmediň.
Ýyllaň sepgidinden agtardym keşbiň,
Salgym gördüm. Ýa şol salgym senmidiň?
Bir özüme goýup durmuşyň keşgin,
Gelmediň.
Men seni soradym ýagyşdan, ýelden,
Tapjak bolup wagt gujagny sermedim.
Wah, özümden geçdim, geçmedim senden,
Gelmediň.
Pozulmasyn diýip senli ýatlamam,
Şygyr bilen töweregni germedim.
Eger säwlik eden bolsam, öt günäm!
Gelmediň...
2014ý.
✏Sapa HOMMADOW
Sag nirede, sol nirede — bilmedim.
Saňa bagtyň çürbaşynda garaşdym,
Gelmediň.
Pynhan duýgularmy salyp setire,
Ýüregimiň çawuşyny diňledim.
Ünjiň otly gujagyna iterip,
Gelmediň.
Ýyllaň sepgidinden agtardym keşbiň,
Salgym gördüm. Ýa şol salgym senmidiň?
Bir özüme goýup durmuşyň keşgin,
Gelmediň.
Men seni soradym ýagyşdan, ýelden,
Tapjak bolup wagt gujagny sermedim.
Wah, özümden geçdim, geçmedim senden,
Gelmediň.
Pozulmasyn diýip senli ýatlamam,
Şygyr bilen töweregni germedim.
Eger säwlik eden bolsam, öt günäm!
Gelmediň...
2014ý.
✏Sapa HOMMADOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет