“Tümlük, 

içgepletme,

hem-de ýekelik

Bu üçlük bileje birleşdi ýene.”


Ylham GURBANALYÝEW

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 6-02-2023, 22:30

  • Telwas Telwas off № 1 6 февраля 2023 22:32
    “Günlerimiň tagamyny ýitirdim…”

    Ylham GURBANALYÝEW
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 6 февраля 2023 22:35
    Meňem bar derdim biri meň şahsy hatymy okap “köpçülige okatjak” diýip gorkuzmagy bolaýmala diýýän şu ýagdaýda.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 6 февраля 2023 22:38
    Baýba saýdyň wiý poeziýaňa işini görüpdirler.
    Ýazmak isleýäňmi, şol höwes seni günüňe goýanokmy? Onda “şahyr” derejä ysnat getirmän goşguda aýtmak isleýän zadyňy ýazgy, oýlanma arkaly beýan edäý.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 6 февраля 2023 22:42
    Başarýanam ýazjak bolýar, başarmaýanam.
    Aý indi öňki başarýanlaňam käbiri başarmaýana öýkünip öz gadyrlaryny özleri gaçyrýarlar. Öýkünmegiňem çeni-çaky ýagşy.

    Biziňkilere gülmäge sebäp bolsa bolany. Gülmänem şoň döredijiliginiň ýuwandygyny duýdursa bolar-la…
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 5 6 февраля 2023 22:42
    poeziyan ishi Garashsyzlyk alnyp ishi gaytdy. 1991nji yyldan bari chykan ine shu shahyr diyip gorkezjeginiz barmy. Goy ony onki yaly butinsoyuz diyjek dal wes Turkmenistan tanasyn goshgularyny kitaplaryny kyosikde ochert bn alynsyn.
    Jogap
  • Nintendo Nintendo off № 6 6 февраля 2023 22:42
    Salam. Içiňiz gysýamy?
    Jogap
  • Nintendo Nintendo off № 7 6 февраля 2023 22:43
    Adam belli bir ýaşa ýetende höwür gerekmika diýýän menä
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 8 6 февраля 2023 22:43
    Öñler günümden zeýrenýärdim, indi günälerimiñ bardygyny bilip, şol zeýrenen günlerime gaýdyp barasym gelýär..
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 6 февраля 2023 22:43
    Meň şeýdip ýeke başyma samyrdaýanymdan habaryňyz bar bolsa gerek. Ýogam bolsa habardar boluň. Geň gördüki ýok.
    ”Geň göreniň alnyna”
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 10 6 февраля 2023 22:47
    4 setiri kapyalashdyranyn bilen shahyr bolonok ya Ylahy ylhama eye bolonok. Shahyr oz isleyan zadyny dal halkyn isleyan zadyny yazmaly. Oz islap yazan zadynam halkam islemeli. Halkyn goshga bolan islegleri yok wagty Shahyr men diymek ya Shahyr men diyip agajyn yany chykyp gelyan pyntyklaryny dowmeli dal "Poeziyan ishini gordun" diyip. Poeziyany hic hacanam yeke bolup gorap bilmersin. Tokmak jurnaly yaly tankyt jurnal chykmasa ne oz goshguny nede Poeziyany gorap bilersin
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 11 6 февраля 2023 22:47
    Anil Kapur,
    Töhmetçi dogan :)
    Moderler şahsy haty okaýa diýen bolup. OKALÝAN DÄLDIR!

    Şahyr diýip boljaklaram bardyr elbetde.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 6 февраля 2023 22:48
    Nintendo
    Salam. Içiňiz gysýamy?

    Salam. Käşgä içim gyssady…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 6 февраля 2023 22:48
    Remezan
    Öñler günümden zeýrenýärdim, indi günälerimiñ bardygyny bilip, şol zeýrenen günlerime gaýdyp barasym gelýär..

    Soňky puşman özüňe duşman diýilýärdä…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 6 февраля 2023 22:49
    Nintendo
    Adam belli bir ýaşa ýetende höwür gerekmika diýýän menä

    Gerek bolsa aladaňyzy ediň. Maňa gerek däl.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 15 6 февраля 2023 22:50
    Hazir birtopar shahyrlary mysal getirersiniz. Kakamyrat Atabayew Nobatguly Rejepow yene biri yene biri diyip. Koca chykyn onunizden 10 adam chyksa soran sholary 8i tanamaz 2si tanar. Tazeden chykyn Berdinazar Hudaynazarow Kerim Gurbannepesow G Ezizow Beki Seytakow soran sholary 10 adamdan 2si tanamaz 8i tanar
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 6 февраля 2023 22:50
    Anil Kapur
    4 setiri kapyalashdyranyn bilen shahyr bolonok ya Ylahy ylhama eye bolonok. Shahyr oz isleyan zadyny dal halkyn isleyan zadyny yazmaly. Oz islap yazan zadynam halkam islemeli. Halkyn goshga bolan islegleri yok wagty Shahyr men diymek ya Shahyr men diyip agajyn yany chykyp gelyan pyntyklaryny dowmeli dal "Poeziyan ishini gordun" diyip. Poeziyany hic hacanam yeke bolup gorap bilmersin. Tokmak jurnaly yaly tankyt jurnal chykmasa ne oz goshguny nede Poeziyany gorap bilersin


    Hawa, dogry aýdýaňyz!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 6 февраля 2023 22:51
    Anil Kapur
    Hazir birtopar shahyrlary mysal getirersiniz. Kakamyrat Atabayew Nobatguly Rejepow yene biri yene biri diyip. Koca chykyn onunizden 10 adam chyksa soran sholary 8i tanamaz 2si tanar. Tazeden chykyn Berdinazar Hudaynazarow Kerim Gurbannepesow G Ezizow Beki Seytakow soran sholary 10 adamdan 2si tanamaz 8i tanar

    Bu aýdanyňyzam dogry. Kakamyrat Ataýew*
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 18 6 февраля 2023 22:52
    Nirvana,

    Yo bir moderden eshitdimlay menem ))). Okasalaram licno zat yok mende okabersinler gorkym yok)))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 6 февраля 2023 22:54
    Anil Kapur
    Nirvana,

    Yo bir moderden eshitdimlay menem ))). Okasalaram licno zat yok mende okabersinler gorkym yok)))

    Şu saýtda ýokdugyna bilýän şeýle hezilligiň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 6 февраля 2023 22:55
    Adam ýazyp-ýazyp özüni tapýarmyş…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 6 февраля 2023 22:58
    Goşgy okaşalyň, konferensiýa gurnajak diýenem eşşi etdi bu gün.

    Okadygyňça okasyň gelýän, “waw” diýdirjek goşgy bilýän bolsaňyz paýlaşyň ildeşler.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 22 6 февраля 2023 22:59
    Men howes bilen okayan birje goshgy yazyan birini tanayan gabat gelsem goshgularyny skrenshot edyan. Yazmyrat Chorliyew dine. Daje oz garyndashym Mammetnazar Babanazarowynam goshgularyny okamok. Bolmasa sholam soyuz dowrunin yash shahyrlaryndandy. Sonam Owezgeldi Taganowyn goshgularyny okayan. Shol ikisinin yazysh stili gowy. Goshga dushunmeyan yone goshgulary ruhuny goterya. Galan hemme goshgy yazyanlaryn goshgularyny okap gordum hic hili ozune chekenok. Mumkin bashgalarda bashga hilidir. Her kimin halayan zady bolya ona garshylygym yok.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 6 февраля 2023 23:03
    Anil Kapur,
    Öwezgeldi Taganow dekabr aýynda aradan çykdy diýip eşitdim. Şoň ýakyn günlerde, belki ertir kyrky diýýär.

    Ýalňyşmasam şu adam diýip eşitdim şu gün. Ada şol familýasy gabat gelse. Murgaply şahyrmy şol?
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 24 6 февраля 2023 23:05
    Nirvana,

    Ay tocno bilmedim nirelidigini yone gowy yazya shol. Ayrylan bolsa yatan yeri yagty bolsun
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 25 6 февраля 2023 23:07
    Hawa şol adam bolsa “Yzy ýarasyn”.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 6 февраля 2023 23:13
    Agla,

    örten,

    ýer bagyrtlap çabalan,

    Içiň ýangynyna meni näletle.

    Gije bile sowlan bolsa şagalaň,
Ýaşynyp ýylgyr-da, ýeňles näz et-de,
Bildirme bu toýuň bize ýasdygyn.
Basym öwrenşersiň betbagt durmuşa.

    Ýigrenip ýaşarsyň elwan ýaşlygyň,
“Nirden duşdum — diýip — hazan urmuşa”.

    Hawa, sen şeýdersiň,

    mejbur bolarsyň,

    Ýüzüň ýokdur meň alnyma gelere.
Gyzararsyň, saralarsyň, solarsyň,
Ýalňyz çagyň aglap bialaç ýere. 



    A men ýigitlerçe dişim gysaryn,
Gaýgy-gamy galstuk ýaly dakynyp.

    Üşüdýänmi hiç adama aýtmaryn,
Oturaryn içimde ot ýakynyp. 



    Namart däl ekenim,

    Şükür Hudaýa!

    Ýaşaryn, ýanaryn, ýazaryn merdem.
Sen bolsa gözýaşly seredip Aýa,
Mensiz örtenersiň ýalňyzkaň her dem. 



    Ýatlamalaň kempir deýin mürşerer,
    
A men garramaryn,

    Şahyrlar şeýdýär.

    Ölen duýgularyň girer düýşüňe,

    Olar öz eýesin dowzaha eltýär.




    ✏Seýitmyrat GELDIÝEW
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 6 февраля 2023 23:16
    Gör, nähili gözel eken özüňe,
    Ömür ýoldaş gözläp ýören çaglaryň.
    Hat ýazarsyň göwün söýen gyzyňa,
    Duşuşarsyň arasynda baglaryň.

    Şol mahallar kän bir pikir etmersiň,
    Öňde uzap ýatan uly durmuşy.
    Saňa hem işdädir onuň görnüşi,
    Saňa hem ukudyr onuň durmuşy.

    Sende ýaranjaňlyk keseli dörär,
    Sende gabanjaňlyk keseli dörär,
    Hat-da ýalançylyk keselem dörär,
    Garaz, çagalykda bilmeýän zadyň –
    Çözülmesi kyn bir mesele dörär.

    Onsoň bu mesele çözüler birden,
    Ünji aladadan yrak bolarsyň.
    Zags-a bararsyň, gutlarlar seni,
    Ynha şeýdip bir gün “brak” bolarsyň.

    Onsoň öý hakynda, öý goşy hakda
    Çyndan pikir edýän ýigit bolarsyň.
    Öňler ýalňyz ýaşan bolsaň dünýäde,
    Indi sen dünýäde jübüt bolarsyň.

    Onsoň sanyň artar jübüt-jübütden,
    Sen gyşam bolarsyň, ýazam bolarsyň.
    Saýlanyp kakabaş ýigitligiňden,
    Sakgally-sarmakly adam bolarsyň.

    Şonda ýanyňdadyr ömür ýoldaşyň,
    Eýjejik çagalar müner gerdenňe.
    Diňe öz çagaň däl çagalar hakda
    Oýlanyp ýörersiň her gün, her demde,
    Çagalar dünýäsi üýşüp daşyňda
    Dünýäň aladasyn salar başyňa…

    Halyl Kulyýew
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 28 6 февраля 2023 23:17
    Ententrizm, öz pikiriň bilen başga biriniň pikiriniň arasyndaky tapawuda düşünip bilmezlikdir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 6 февраля 2023 23:17
    “Sebäpsiz gidenlere gynanma, çüýrik miwe agaçdan çalt gaçar.”

    Sadi Şirazi
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 6 февраля 2023 23:22
    Şükür etmegi bilýän ýürege hödürlenýän her bir söýgi halaldyr.

    Adam başdan geçiren zatlaryna esaslanyp ädim ätýär. Kim öňüne çyksa-da, ädimlerine şübhe bilen seredýär. Ol söýmekden gorkmaýar.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler