200 ýurt Dünýäni halas etmek üçin herekete geçdi!
200-e golaý ýurt 2030-njy ýyla çenli Ýerdäki tokaýlary we ummanlaryň 30% -ini goramaga razy boldy.
Iki hepde dowam eden gepleşiklerden soň Monrealda geçirilen BMG-niň Biodürlüligi goramak baradaky konferensiýasynda (COP15) ylalaşyk gazanyldy. Ylalaşyga laýyklykda, oňa gatnaşýan her bir ýurt onýyllygyň ahyryna çenli 20-den gowrak daşky gurşaw maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge razy boldy. Iň möhüm şertleriň biri, 2030-njy ýyla çenli ýeriň, içerki suwuň we kenarýaka sebitleriniň azyndan 30%-ini goramak boýunça degişli işleri geçirmek bolar. Bu, 2015-nji ýyldaky Pariž klimat şertnamasyna meňzeş halkara şertnamanyň esasyny düzýär.
Ýurtlar ýaşaýyş ýerlerini goramakdan başga-da, bar bolan töwekgelçiligi 50% azaltmagy, kärhanalardan we fermalardan çykýan ýakymsyz gazlary ýok etmegi, biodürlüligi we ekosistemany goramagy maksat edinýär. Bu meýilnama ýetmek üçin ýurtlaryň 7 ýyl möhleti bar.
«COP15» ylalaşygy diňe bir görnüşleri goramaga däl eýsem-de «ýerli halklaryň we ýerli jemgyýetleriň, şol sanda adaty sebitleriň hukuklaryny» ykrar etmäge we hormatlamaga çagyrýar.
Belläp geçsek, häzirki wagtda dünýädäki görnüşleriň 28%-ine ýok bolma howpy abanýar.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария