Meniň dini we taňryny soraglaýyjy mowzuklarymyň teswirlerinde adatça şu mazmun bar; "ynanmaly, soraglamak gerek däl". Men soraglamagyň nä dereje möhümdigini nygtamak isleýärin. Meniň mowzuklardaky esasy maksadym adamlaryň özüne aýdylan zada gönüden-göni ynanman, öňürti "näme üçin?" diýen akyl eleginden geçirmäge meýil etdirmek. Mysal üçin, ir döwürde ýyldyrym çaksa adamlar "taňry gazaplandy, sadaka bermeli" diýip herhili dini rituallar ederler eken. Soň adamzat "ýyldyrym hakykatdanam taňrynyň gazabymy ýa-da tebigatyň bir mehanizimniň bölegimi?" diýip soraglap dogry jogaby tapdy. Şonuň üçin soraglamak hökmany gerek. Yslam we Gurhandan mysal bersek; Ýokardaky surata (iki suwyň biri-birine garyşmazlygy) mugjyza diýip Gurhanyň Rahman süresiniň 19-20-nji aýatlaryny görkezýarler. Ýagny ol aýatda iki suwyň arasynda böwet bardygyny we garyşyp bilmejeklerini aýdýar. Eger muňa ynanmaly bolsak "bäh görä bu gudraty" diýeris. Emma "hakykatdanam garyşanokmyka?" diýip soraglasak mekdepde öwredilen himiýa bilimi bilen bu suwlaryň garyşjagyna göz ýetireris we gudratyň ýokdugyna göz ýetireris. Ýene bir mysal bermeli bolsa, Enbiýa süresiniň 31-nji aýatynda "ýeri-adamlary sarsdyrmasyn diýip daglary ýerleşdirdik" diýilýär. Eger muny soraglaman ynanyp oturan bolsadyk tebigy ýer titreme hadysasynyň sebäbini asla öwrenip bilmezdik, ýagny aslynda Gurhanda aýdylýanyň tersine ýer titremesi daglyk ýerde bolýandygyna göz ýetirmezdik. Ynanmagyň ýerine soraglap bilime ýüz tutup daglaryň ýer gatlagyndaky döwük liniýalarynyň (линия разлома) hereketi esasynda döreýändigini we bu prosesde gatlaklaryň biri-birine sürtülmegi esasynda ýüze çykýan energiýa sebäpli ýer titreýändigini asla bilmezdik.
Gysgaça oglanlar, maslahadym; isleseňiz Allaha ynanyň, isle Zewse, isleseňiz makarona ynanyň, isle lüle kebaba, ýöne soraglamagy bes etmäň! Adamzady diňe pikirlenmek we soraglamak instinkti şu günlere getirdi.
*Gaýrat edip mowzuga kemsidiji ýa-da paýyş sözleri ýazjak bolmaň. Sögesiňiz gelse g.myradow@mail.ru adresime arkaýyn ýazyberiň, hökman okaryn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Panturkist tarapyndan 11-02-2023, 13:52

  • Pegas Pegas off № 1 11 февраля 2023 14:00
    Soraglamak zyýanly däl. Esasy köplügiň ynanjyny medeniýetsiz inkär etmek zyýanly. Seresabrak bolsa ýagşy ynanç meselesinde.
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 2 11 февраля 2023 14:01
    Ýene bir mysal bermeli bolsa, Enbiýa süresiniň 31-nji aýatynda "ýeri-adamlary sarsdyrmasyn diýip daglary ýerleşdirdik" diýilýär.
    HantureBS, bu barada näme diýersiň?
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 3 11 февраля 2023 14:05
    Pegas
    Soraglamak zyýanly däl. Esasy köplügiň ynanjyny medeniýetsiz inkär etmek zyýanly. Seresabrak bolsa ýagşy ynanç meselesinde.

    Menem şeýle pikirde şu meselede. Ýöne şu agzaň aýdýany çyn bolaýanda-da köpçülige, jemgyýete öwretmeseň ýagşy bolaýmasa. Ylahy güýjüň bardygyny duýup ýaşasa, ondan gorkup ýaşasa gowy boljak. Adam bir zatdan gorkup ýaşamasa nämeleriň boljagy belli däl. (Elbetde bu meniň pikirim...)
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 4 11 февраля 2023 14:14
    Gysgaça oglanlar, maslahadym; isleseňiz Allaha ynanyň, isle Zewse, isleseňiz makarona ynanyň, isle lüle kebaba, ýöne soraglamagy bes etmäň

    Şol hatarda şo soraglara jogap berip bilmejek derejede düşnjämiz bolmasada şo soraga jogap öwrenmegiň ugryna çykmaly.
    Jogap
  • Panturkist Panturkist off № 5 11 февраля 2023 14:18
    Pegas
    Soraglamak zyýanly däl. Esasy köplügiň ynanjyny medeniýetsiz inkär etmek zyýanly. Seresabrak bolsa ýagşy ynanç meselesinde.

    Jemgyýetiň aňy ukyda. Hormatly häkiler öz bähbitleri üçin, Jemgyýeti dolandyrmak üçin oýlanyp tapylan zatlar bular. Men deliller bilen şuny düşündirmäge synanyşýan ýöne ukydan açylar ýaly däl.
    Jogap
  • Panturkist Panturkist off № 6 11 февраля 2023 14:21
    Vekil_City
    Ýene bir mysal bermeli bolsa, Enbiýa süresiniň 31-nji aýatynda "ýeri-adamlary sarsdyrmasyn diýip daglary ýerleşdirdik" diýilýär.
    HantureBS, bu barada näme diýersiň?

    O näme diýsin? Kitabyň awtory ýa egindeşleri bolsa başgaça düşündiriş bererdem welin...
    Jogap
  • payhasly payhasly off № 7 11 февраля 2023 14:45
    Mugallymyn diyenlerine goşulyan :)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 8 11 февраля 2023 14:51
    Vekil_City,
    Agşam mite gelseň görközüp düşündüren
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 11 февраля 2023 14:51
    Vekil_City,
    Ýada hazir gel boş men
    Jogap
  • Vekil_City Vekil_City off № 10 11 февраля 2023 14:55
    Khanture,
    Bu wagt mende Wi-Fi ýoga dosti...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler