Ýalňyşdym
Gözüm düşen şol gözleri,
Diňläp ýakymly sözleri,
Emma köp eken ýüzleri,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.
Öň kalbymda ýokdy gussa,
Gerek däldi oňa ussa,
Indi bolsa däli, hassa,
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.
Seresapdym her bir işde,
Ýalňyşmazdym etsem keşde,
Ýöne welin, saýlap-seçde,
Bagtymdyr öýdüp ýalňyşdym.
Seň ýalanyň boldy aýan,
Menden saňa gysga beýan:
"Git, görmäýin ýoluň rowan!"
Bagtymsyň öýdüp ýalňyşdym.
Aýgül Ýazweliýewa
27.01.2023
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария