Ejemiň gaýgysy
Ejemiň gaýgysy
Ýene-de goşgy ýazýaňmy,
Niçik şygryň haly, gyzym?!
Sen mydama al-asmanda
Uçup ýören ýaly, gyzym.
Ýöne, eliň galamlyka,
Neçüýn çytyk gaşly-la sen?!
Sähel zada aglaberýäň,
Derrew gözüň ýaşly-la seň?!
Göwün keşdäň setirlerni
Diňe yşga sapýaň, gyzym.
Kalbyňda ýok bolsa şo zat,
Nireden söz tapýaň, gyzym?!
Dogry, düşünmezler, gyzym,
Ejeň bilýär-ä, hiç kime,
galdyrmaýanňy gabagňy,
Ýaz Watan hakda, wasp eýle
dag arçasyn, çöl sazagny.
Kowup ýörme-dä bagtyňy,
Diňe goşga ylgama sen.
Gelse, ýazmaly bolýansyň,
Dözümsiz-dä ylhama sen.
Wah, üýtgeşik ynjyk gyzym,
Ah, üýtgeşik näzik gyzym.
Her hal, seniň bagt kölüň,
Bolmasyn-da läbik gyzym.
Belki aýdanlarym seni,
Zemine düşürer gyzym.
Beräýmesek şahyr ýigde,
Kim saňa düşüner gyzym?!
Gülnabat Begenjowa
Ýene-de goşgy ýazýaňmy,
Niçik şygryň haly, gyzym?!
Sen mydama al-asmanda
Uçup ýören ýaly, gyzym.
Ýöne, eliň galamlyka,
Neçüýn çytyk gaşly-la sen?!
Sähel zada aglaberýäň,
Derrew gözüň ýaşly-la seň?!
Göwün keşdäň setirlerni
Diňe yşga sapýaň, gyzym.
Kalbyňda ýok bolsa şo zat,
Nireden söz tapýaň, gyzym?!
Dogry, düşünmezler, gyzym,
Ejeň bilýär-ä, hiç kime,
galdyrmaýanňy gabagňy,
Ýaz Watan hakda, wasp eýle
dag arçasyn, çöl sazagny.
Kowup ýörme-dä bagtyňy,
Diňe goşga ylgama sen.
Gelse, ýazmaly bolýansyň,
Dözümsiz-dä ylhama sen.
Wah, üýtgeşik ynjyk gyzym,
Ah, üýtgeşik näzik gyzym.
Her hal, seniň bagt kölüň,
Bolmasyn-da läbik gyzym.
Belki aýdanlarym seni,
Zemine düşürer gyzym.
Beräýmesek şahyr ýigde,
Kim saňa düşüner gyzym?!
Gülnabat Begenjowa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
11 комментариев