Dolansana!
Uçup ýördük el berişip howada,
Uly-uly arzuwlara başlaşyp.
Söýgümizi tapypdyk biz sabada,
Öýle wagtam ýetip geldi - hoşlaşyk.
Ol sabanyň günäsi-de ýok asla,
Gaýtam ol, päk söýgümizi duşurdy.
Birden aýralygam geldi-de haslap,
Süýjäp başlan söýgümize diş urdy.
Ah, indem...
Gutsyz göwnümi pa:ralap,
Çekip ýörün şol dişiniň yzasyn.
Sen bolaýsaň, kesselerem arylap,
Şübhäm ýokdur gezjegime - yzasyz.
Men-ä seni köpden bäri tanaýan,
Senem meni - menden gowy bilýäň-ä!
Ýalňyz goýma, ýollaryňa garaýan
Dolansana,
dolansana,
dünýäme...!
Ylham GURBANALYÝEW
2022.
Uly-uly arzuwlara başlaşyp.
Söýgümizi tapypdyk biz sabada,
Öýle wagtam ýetip geldi - hoşlaşyk.
Ol sabanyň günäsi-de ýok asla,
Gaýtam ol, päk söýgümizi duşurdy.
Birden aýralygam geldi-de haslap,
Süýjäp başlan söýgümize diş urdy.
Ah, indem...
Gutsyz göwnümi pa:ralap,
Çekip ýörün şol dişiniň yzasyn.
Sen bolaýsaň, kesselerem arylap,
Şübhäm ýokdur gezjegime - yzasyz.
Men-ä seni köpden bäri tanaýan,
Senem meni - menden gowy bilýäň-ä!
Ýalňyz goýma, ýollaryňa garaýan
Dolansana,
dolansana,
dünýäme...!
Ylham GURBANALYÝEW
2022.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария