Filippinleriñ Sibale adasyndaky eldeki haýwanlaryñ nämälim şekilde öldürilmegi ýerli halkda gorky döretdi. Ýaşaýjylaryñ aýtmagyna görä käbir ''jandarlar'' Aý dolmaga birnäçe gün galanda orta geçileri parçalap gidýär. Filippinleriñ merkezi sebitlerinde ýerleşen daglyk Sibale adasynda 4500-e golaý adam ýaşaýar we gury ýerden ada barjak bolsañ iki sagada golaý ýol ýöremeli.
''Manila standard'' gazetiniñ ýerli ýaşaýjylarynyñ gözi bilen görüp beren gürrüñlerine esaslanyp berýän habaryna görä, geçen bir aýda jemi on alty geçi parçalanypdyr.
Munisipialetiñ başlygy Lemuel Kipriano hem 2012-nji ýyldan bäri Aý dolan wagtlarynda öldürilen geçileriñ 211-e ýetendigini aýdyp, yzygiderli bolýan bu näbelli wakalaryñ ýerli halkda gorky-howsala döredendigini belledi.
''Öý haýwanlarynyñ ýüregini, bagryny parçalap we ganlaryny sorup'' öldürýäniñ kimdigi belli bolmansoñ, gorkunç kinofilmleri ýatladýan myş-myşlar adanyñ her ýerini gurşap aldy.
Käbir daýhanlar gan öýen gözleri bilen geçilere hüjüm edýän jandaryñ äpet gara ite meñzeşdigini aýdýarlar, käbirleri bolsa onuñ ''adam möjek'' ýa-da ''it görnüşli wampir'' bolaýmagynyñ ahmaldygyny orta atýar.


site

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 1-06-2021, 20:51

  • Gerceknazar Gerceknazar off № 1 1 июня 2021 21:03
    Şu jandar bilen urşup göräýseň
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 2 1 июня 2021 21:06
    Etiniň tagamy nähilikä!?
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 3 1 июня 2021 21:12
    Çiglignede iýerdim esasanam kellesi süýjidir
    Jogap
  • Jeksparro Jeksparro off № 4 1 июня 2021 21:31
    @Gerçeknazar? urşsaň oborotena öwrülersiňdä. ?...
    @IDEALLIDER, Filippinleriň Sibale adasyna baryp görüp duzak gurup öldürip etini iýip göräýmesek...
    @Gerçeknazar, nä kellebaşaýak iýýän ýalylaý ????
    Jogap
  • Demeter Demeter off № 6 1 июня 2021 22:14
    hakykatdanam barmyka
    Jogap
  • Demeter Demeter off № 8 1 июня 2021 23:07
    ozbekistanda sheyle waka bolupdy diyyarler
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler