-----Alýo, eşek gardaşym,
Ýagdaýlaryň niçikdir?
-----Sen sorama, jan dostum,
Eýäm menden geçipdir.
,, Garrap, işe ýaraňok"
Diýip, kowdy öýünden.
Indem çykyp bilemak
Bu horlugyň teýinden.
On~onki ýyl hyzmatyn,
Kemin goýman, bitirdim.
Mallaryna ot daşap,
Içjek suwun getirdim.
Ynha, indem eýämden
Alan paýym beýewan.
Çöl ýeriň ne oty bar,
Ne üstüme saýawan.
Seniň halyň oňatdyr
Hojaýynyň elinde.
-----Haý gardaşym, gowydyr
Mundan ýowuz ölüm-de!
Bir imansyz gassaba
Meni satjak bolup ýör.
,, Sygyr eti"diýp gassap
Halky ütjek bolup ýör.
Hoş gal onda, gardaşym,
Men dünýäden gitmeli.
Haram etim, bialaç,
Halal ete gatmaly.
Ak bazarda ol gassap
,, Mal eti" diýp satmaly.
Diriligňe şükür et,
Şükür et-de, pikir et.
G~Ý ýa-da Ş~A
Çöldaki kowulan eşek bilen öýdaki eşegiň telefon gepleşigi
Sorag-jogap,
Yusupahmet93
tarapyndan
3-03-2023, 19:42