Ahwalym
AHWALYM
Göwnüm ýykyldy ugruňda,
Üstümde-de ýalňyzlygyň keşigi.
Derkarlygyň ýom-ýok edip,
Durmuşymyň ýanlygyny
ýaýýar gussalaň pişegi.
Alyp beren boýunbagyň,
Bogup barýar demsizlige.
Çensizligiň ugry bilen
Wagtam meni getiripdir
Sensizlige.
Hat-da, kölegäňem düşmänsoň,
kerep ördi otagymyň
petiginiň burçlaryna.
Hem gelendir hazan ýeli
Guşlugyma.
Ýitirmek tapmaga umyt,
Ömürleň bolsa heňdeşi.
A men nirden agtaraýyn
Gözlerime keşbi siňen
"Özgäň bagtyna meňzeşi".
Isa HOJAMERDANOW
Göwnüm ýykyldy ugruňda,
Üstümde-de ýalňyzlygyň keşigi.
Derkarlygyň ýom-ýok edip,
Durmuşymyň ýanlygyny
ýaýýar gussalaň pişegi.
Alyp beren boýunbagyň,
Bogup barýar demsizlige.
Çensizligiň ugry bilen
Wagtam meni getiripdir
Sensizlige.
Hat-da, kölegäňem düşmänsoň,
kerep ördi otagymyň
petiginiň burçlaryna.
Hem gelendir hazan ýeli
Guşlugyma.
Ýitirmek tapmaga umyt,
Ömürleň bolsa heňdeşi.
A men nirden agtaraýyn
Gözlerime keşbi siňen
"Özgäň bagtyna meňzeşi".
Isa HOJAMERDANOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет