NANOTEHNOLOGIÝA BILEN AKYL BARLAGY
Nanotehnologiýa, akyl barlagynda gelnen soňky öwrümdir. DNK
molekulalary esas alnyp, bir Bio­Nanotehnologiki açar bolan we saç tarynyň
müňden biri galyňlygyndaky «Nanoaktuator» öndürilendir. Nanoaktuator, bir
mikroçipten we şu çipiň kiçijik bir kanalyna baglanan DNK molekulasy
ýüpliginden dörär we janly öýjükleriň öndürýän tebigy energiýasyny ulanyp
işlär. Nanoaktuator, öýjük energiýasyny ulanýarka, ýüze çykan elektromagnit
signallar gös­-göni kompýutere geçirilip bilner, şeýlelikde janlylar dünýäsi bilen
kompýuter dünýäsiniň arasynda gatnaşyk gurlup bilner. Nanoaktuator şol bir
wagtda organizmler arasy gatnaşyk gurmak üçin hem ulanylyp bilner. Şu
mikroçipiň beýni dokumasyny goşanda, her dokuma ýerleşdirilmegi
mümkindir.
Kompýuterden beýnidäki mikroçipe gelen signallar beýnä bir toplum atlar,
suratlar, sesler, yslar geçirip, programma ýüklär we beýni gorag astyna alnyp
bilner. Şeýlelikde, garaýyşlar, islegler, duýgular, begençler we gynançlar nano-
kompýuterler tarapyndan ugrukdyrylyp bilner we dolulygyna tapawutly,
emeli bir akyl gurlup bilner.
Birnäçe molekula ululygyndaky nanoaktuatorlar dermanlara, duza, suwa,
una ýa­da islendik bir iýmite goşundy maddasy görnüşinde goşulyp bilner ýa-
da howa sepilip bilner. Iýmit siňdiriş ýa­da dem alyş arkaly gelen şu nanoaktuatorlar ähli dokumalara ýerleşip biler.

Nanometre, tehniki bir ölçeg birligidir we metriň milýardda biri manysyny
göterýär. Nanotehnologiýa, maddalar üstünde 100 nanometrden kiçi
göwrümlerde amala aşyrylýan ölçeg, modelleme, işleme we tertipleme ýaly
işlerdir.
Nanobölejikler, maddanyň atomiki­molekulýar ölçegde injenerçiliginiň
edilip, täp-­täze aýratynlyklarynyň ýüze çykarylmagy bilen dörän madda
bölejikleridir.
Titanyň ikili okisi (Titanýumdioksit) (TiO2): Dünýäde iň ýygy ulanylýan
mineraldyr we nanotehnologiýada ulanylýan 3 esasy maddadan biridir.
Titanyň ikili okisi nanobölejikleriniň atom gurluşy üýtgedilip, görülip bilinýän
yşyk hazynasyna bolan reaksiýasy «täzeden gurlandyr». Şöhläniň (foton)
titanyň ikili okisi nanobölejige peselmegi bilen birlikde, titanyň ikili okisi bilen
galtaşma ýagdaýyndaky organik madda, himiki reaksiýa netijesinde bölünmäge
başlar. Şu döwür, ösümliklerde amala aşan fotosinteze meňzeşdir.
Ösümliklerde fotosintez, ugleroddioksit we suwuň, yşygyň täsiri bilen organik
madda ýagny iýmit öndürmegidir. Ýöne, titanyň ikili okisi, doly tersine,
organik maddalary bölekläp ugleroddioksit we suwa aýyrar. Munuň manysy,
titanyň ikili okisi nanobölejikleriň, islendik bir organik madda ýa­da janly
öýjük bilen galtaşmagy ýagdaýynda, janly dokumanyň, aýratyn hem belogyň
bölünmegine we funksiýasynyň üýtgemegine sebäp bolan himiki reaksiýany
başladyp biljek gorkunç bir ukyplylygydyr.
Türkiýede ähli diwar boýaglary Nanotehnologiýa usuly bilen we aýratyn
hem titanyň ikili okisi nanobölejikler bilen öndürilýändir. Şu wagtlarda
nanobölejikler ähli dermanlara, gaplamaly taýyn iýmit we içgilere, duza,
şekere, una we suwa goraýjy, agardyjy ýa­da çyg saklaýjy görnüşinde
goşulmaga dowam edýändir. Şeýle­de öz-­özüni tämizleýän şarf, mata we
eşikler öndürilýändir, nanosuýuk bolup, tämizlikde, dermanlamakda we bir
zadyň ýüzüni ýapmakda ulanylýandyr.
Nanobölejikleriň janly organizmlere täsiri
Nanobölejikleriň janly organizm üstündäki täsirini ylmy barlag maksady
bilen geçirilen synaglarda syçanlaryň organizmine garyşan nanobölejikleriň
organizmi hiç bir görnüşde bedeni terk etmändigi we organlarda çökündi
görnüşde ýygnanandygy kesgitlendi. Ýaşaýan akwarýuma uglerod
nanobölejikleri goşulsa, jandarlar tizlik bilen ölmäge başlapdyr, şol bir
akwarýumdaky synag edilýän balyklaryň bolsa, beýni öýjüklerinde zeper kesgitlenendir.
Nanobölejikler janly öýjügiň gurluşyna siňip, dokumalaryň bozulmagyna,
genleri mutasiýa sokup, genetiki hassalyklara sebäp bolýandyr. Şeýle­de
nanobölejikleriň dem almakda öýkene örän uly zyýan berýändigi
kesgitlenendir.
Häzirki döwürde Nanotehnologiýa aýratyn hem lukmançylykda
ulanmak üçin ösdürilýändir. Bu gün Nanotehnologiýa we Rekombinant-
DNK metodlary bilen sanjym, gormon, ferment, witamin, aminokislotalar
ýaly örän täze derman öndürilýändir. Derman, iýmit, içgi, duz we suw bilen
adam organizmine giren nano bölejikleriň nähili himiki reaksiýalara sebäp
bolup biljegi heniz bilinmeýär. Hünärmenlere görä, nanodermanlaryň
berjek zyýanlarynyň kesgitlenmegi mümkin däldir.
Nanobotlar her hassalygy bejerjekdir.
Adam bedenindäki öýjükler, nanobot we nanostrurkturlar arkaly molekulýar
derejede yzarlanjak we düzedilip bilinjekdir. Nanobotlar öýjükleri düzetme ýa-
da täzeden gurma ukybyna eýe bolar. Meselem, Adamda ir skleroz başlan
bolsa, nanobotlar keseliň ýerleşýän zolagyny tapyp, hassa öýjükleri we
damarlardaky birikmäni mehaniki we himiki usullar bilen tämizlejek.
Haýsydyr bir genetiki hassalyk bar bolsa, hassalyk bilen baglanyşykly geni
anyklap, kesip atjak we ýerine emeli «sagdyn» bir gen ýerleşdirjek. Garrama
başlanynda ähli öýjükleri atom derejesinde düzedip, ýaşlyga yza öwürjek we
adam her wagt 20-­30 ýaşynda görnüp biljek.
Müňlerçe ýyl ozal ölen jandarlar direljek
Operasiýalar organlarda däl, molekulýar derejede ýerine ýetiriljek we ynsan
hakykatdan ölümsiz boljak. Dokumalara ýerleşdirilen nanobotlar hassalyga
çözgüt getirmese, Ýer astynda ýa­da başga planetada bolan we bütin saglyk
problemalaryna çözgüt getirjek bir güýçde bolan «Merkezi lukmançylyk
kompýuter»ine geçip, şondan ýardam islejek. Hat­da kriýonik metod bilen
ýyllar ozal doňdurylan adamlaryň öýjükleri milýonlarça nanobot tarapyndan
bejeriljek we direldiljek. Şu görnüşde müňlerçe ýyl ozal ölen, ýöne jesedinden
bir dokuma parçasy galan barlyklara (ösümlik, mikrop, siňek, mör­möjek,
balyk, haýwan ýa­da adamlara) täzeden durmuş beriljek.
Ähli adamlaryň beýnileri ýeke­täk beýni görnüşine geljek
Adam bedenindäki fiziologiki işleri we şahsy ygtyýary elde tutup bilýän şu
nano­newro­kompýuteriň 2029­njy ýyla çenli öndürilmegi planlanandyr.
Nanokompýuteri ilkinji öndüren bolmak üçin, ösen ülkeler arasyndaky ýaryş
dowam edýändir. Şeýlelikde nano­newro­kompýuter planlanan seneden öň
öndüriljekdir. Çünki şu kompýutere ilkinji haýsy ülke eýe bolsa, «saýlanan bir adam»yň beýnisiniň elektroniki şemasyny kompýutere ýüklejek. Bir alyjy
häsiýetindäki nanobölejikler ýa­da çipler ýerleşdirilip, öňünden taýýar bolan
ähli adamlaryň beýnilerini şu kompýuter bilen dolandyrjak. Şeýlelikde, ähli
adamlaryň beýnisi ýeke­täk beýni görnüşine geljek.
«Deçjalyň iki gözüniň arasynda KFR (kapyr) ýazylgy boljakdyr we
muny her kim okajakdyr». (Müslim, Fiten, 102, 103, 105). Muňa
garamazdan, adamlaryň uly bölegi Deçjala tabyn boljakdyr.
«Bol!» diýlende islenilýän zat derrew bar boljak
Birnäçe molekula ululygyndaky nanobotlar ähli dünýäni tutjak we öz
özlerine tizlik bilen köpelip islendik bir organik ýa­da inorganik maddany
atomlaryna çenli çözüp biljek. Soňra şu atomlardan täze bir madda ýa­da
islenilýän bir zady täzeden gurup biljek. Nanobotlar adam sesi ýa­da garaýyşy
bilen dolandyryljak. «Bol» diýlende islenilýän zat derrew bar boljak.
«Hiç şübhe ýok, Deçjal çykjak».
Döwrebap tehnologiki hereketler adamlara gowy ýarap, köp adam, şübhe
duýmazdan, ylmy barlagdan, bulardaky duzagy görmezden, jadylanan ýaly her
täze metody synag etjekdir. Diagnoz we bejergide ulanylýan enjamlaryň iş
prinsiplerini, berlen atlaryň näme many aňladýandygyny, şu enjamlaryň
nämeler wada edýändigini derňemek şu metodlary ulanmaga niýetlenen her
musulmanyň wezipesidir. Din alymy, jemagat lideri we pikirlerine baha berlen
toplum liderlerine bolsa, örän uly jogapkärçilik düşýändir.
Ýagdaý şeýle bolansoň, soňky hereketleriň we ulanylýan enjamlaryň
Deçjala taýýarlygyň soňky basgançagy boljagyny aýtmak ýalňyş bolmaz.
Soňky Pygamber sallallahu aleýhi wesellem: «Menden soňra her täzelik
bidgatdyr we her bidgat azaşmaklykdyr»­diýipdir. Nanatehnologiýanyň
wadalaryna seredilse, şu täsin wadalaryň ylahlyk pikiriligi aç­açan görülýändir:
•Ähli adamlaryň beýnileri ýeke­täk beýni, ähli adamlaryň aňlary ýeke aň
görnüşine geljek (Deçjalyň aňy).
•Adam hakykatda ölümsiz bolar (ebedi ýaşaýyş pikiri).
•Adam dowamly 20­-30 ýaşynda görnüp biler (Jennetdäkileriň ýaşy).
• Müňlerçe ýyl ozal ölen adamlara täzeden durmuş beriljek (ölüleri
direltme pikiri).
• «Bol» diýlende islenilýän zat derrew bar boljak (ýaratma pikiri).
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki tapawutly hadysy­-şerifde şeýle
diýipdir: «Hiç şübhe ýok, Deçjal çykjak. Deçjalyň ýanynda Jenneti we
jähennemi bardyr. Onuň jähennemi Jennet, Jenneti jähennemdir».
«Körleri we abraşlylary (agyr hassalary) bejerer, ölüleri direlder we «Men
Rebbiňiz» diýer. Kim ony tassyklasa, Deçjalyň pitnesine düşer. Eger kim: «Rebbim Alla» diýip ölse, ol Deçjalyň pitnesine düşmedik bolar we oňa
ýene bir gezek pitne we azap ýokdur».
Bu gün hemmämiz Deçjal pitnesiniň dolulygyna içindediris. Her kes dili
bilen «Rebbim Alla» diýse­de, amalda hemişe Deçjalyň önümlerini we onuň
sünnetini saýlap alýandyr. (Azyk önümleri, dogurma şekli, çaga önümçiligi,
bejergi şekilleri, geýim serişdeleri, dynç alma we maşgala görnüşi we ş.m).
Ýöne, Elhamdülillah, Alla (j.j.) bize beren, haýyr bilen şer arasyndaky
saýlama hakyny soňky demimize çenli goraýandyr.
«Ol (şeýtan) sizi ýöne öz dostlary bilen gorkuzýar. Olardan gorkmaň,
eger mömün bolsaňyz, Menden gorkuň!». («Isra» süresi; 64­aýat).

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Combining tarapyndan 18-03-2023, 15:32

© Islenen.ru - Düzgünler