Ir döwürde bir serkerde jeňde ýeňiş gazanmagy üpjün etjek netijä
gelmek gerek bolan ýagdaýa düşüpdir. Ol öz leşgeri bilen san taýdan
agdyklyk edýän kuwwatly goşuna garşy durmalydy. Ol esgerlerini gämilere
mündüripdir-de, duşmanyň ýurduna ýüzüp barypdyr. Adamlary, ýaraglary
düşürip, ýüzüp gelen gämilerini ýakmagy buýrupdyr. Ilkinji söweşiň öň
ýanynda esgerlerine ýüzlenip, ol şeýle diýipdir: „Siz gämilerimiziň alawlap
ýanýanlygyny görýänsiňiz. Bu biziň şu kenardan diňe ýeňen ýagdaýymyzda
gidip biljekligimizi aňladýar. Biziň başga çykalgamyz ýok: biz hökman
ýeňmeli, ýogsam, heläk bolarys!“
Onsoň olar ýeňipdirler.
Islendik işde ýeňiş gazanmak isleýän her bir kişi gämilerini ýakmaga
hem-de yza çekilmäge tarap ýoluny kesip taşlamaga taýýar bolmalydyr.
Diňe özüňi şeýle mejbur etmek arkaly, aňyňy ýeňşe bolan güýçli isleg bilen
tutaşdyrmak mümkindir. Bu üstünlik üçin zerurdyr.
Çikagoda bolan uly ýangynyň ertesi güni irden söwdagärleriň bir topary
Steýt-stritde dükanlarynyň tüsseleýän külüne garap duran ekenler.
Söwdagärler dükanlaryny gaýtadan dikeltmelimi ýa-da gowusy, Çikagony goýup, işlerini ýurduň geljegi uly bolan başga bir etraplarynda täzeden
başlamalymy diýen mesele barada pikir alyşýar ekenler. Olaryň birinden
özgesi Çikagodan gitmeli diýen netijä gelipdirler.
Galmak kararyna gelen kişi dükanynyň külüni görkezipdir-de, şeýle
diýipdir: „Jentlmenler, näçe gezek ýansa-da, men hut şu ýerde dünýäde iň
uly dükany guraryn“.
Bu ýüz ýyldanam gowrak wagt mundan öň bolan zat. Dükan gurlupdyr.
Ol güýçli isleg hökmünde belli bolan aň güýjüne dikilen äpet ýadygärlik ýaly
bolup häzir hem dur. Marşall Fild3 üçin beýleki söwdagärleriňki ýaly hereket
etmekden aňsat ýol ýokdy. Işler ýaramazlaşyp, geljek garaňky bolup
görnende, olar has gowy bolar öýden ýerlerine gidipdirler.
Marşall Fild bilen beýleki söwdagärleriň arasyndaky tapawuda üns
beriň, çünki üstünlik gazananlaryň ählisini diýen ýaly ýeňlişe uçranlarda hut
şol tapawutlandyrýar.
Puluň näme berip biljekligine akyl ýetiren her bir adam oňa ýetmäge
ýykgyn edýär. Emma ýönekeý isleg baýlyk getirmeýär. Şowsuzlyklary ykrar
etmeýän tutanýerlilik bilen berkidilip, ol şoňa doly berilmek derejesine
ýetmelidir, anyk meýilnamalaryň we maksada ýetmegiň usullarynyň işlenilip
taýýarlanylmagyna eltmelidir, şonda baýlyk siziňkidir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Smile tarapyndan 26-03-2023, 17:07

© Islenen.ru - Düzgünler