Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün,
Başymda-da alada ýok, söweş ýok.
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.
Indi sabry-kararym ýok çykmaga
Meýlis keýpi bilen säher düze-de.
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.
Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri
Birmahal hilesiz geçirjekdim men.
Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip,
Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men.
Oňat işleň başynda-da durmadym,
Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda.
Belki, şoň üçindir ýagty dünýede
Söýen ýokdy meni ejemden başga.
Siziňem şäherňiz ýaranok maňa,
Meger bärde uzak durmasam gerek.
Gözlemeli borun nämedir bir zat
Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek.
O belli, ýüregmiň boşan künjüne
Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly.
Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş,
Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.
KAKAMYRAT ATAÝEW
“… Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş, Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.”
Bilim,
Telwas
tarapyndan
27-03-2023, 22:14