Neşekeş
Ilki-ilkiler bolmajydyň,
Gaty gülüp, pakyrdap.
Şonda taňkaňam gaýnardy,
Taňka ýaly lakyrdap.
Soň-soňlar-a wakyrdaman,
Hikirdäpjik, jykyrdap,
Takyrdaman, şakyrdaman,
Tykyrdapjyk, şykyrdap.
Tapsaň, alabaşagaýdyň,
Emedekläp, dükürdäp.
Derrew taňkaňam gaýnardy,
Özüň ýaly kikirdäp.
Ölügsije tüsseläpjik,
Ysgynsyzja şytyrdap,
Ogluň-gyzyň gözýaşyna,
Suwa düşdüň şapyrdap.
Ýetensoňam başlaýadyň,
Baýguş ýaly jakyrdap.
Äňiň sypara gelýärdi,
Samahyllap, sakyrdap.
Öz etiňi, öz süňküňi,
Gemiripdiň kitirdäp.
Iň soňunda derek tutman,
Pytrap gitdiň pitirdäp.
Laçyn Pürjäýewa
10.09.1998ý.
Gaty gülüp, pakyrdap.
Şonda taňkaňam gaýnardy,
Taňka ýaly lakyrdap.
Soň-soňlar-a wakyrdaman,
Hikirdäpjik, jykyrdap,
Takyrdaman, şakyrdaman,
Tykyrdapjyk, şykyrdap.
Tapsaň, alabaşagaýdyň,
Emedekläp, dükürdäp.
Derrew taňkaňam gaýnardy,
Özüň ýaly kikirdäp.
Ölügsije tüsseläpjik,
Ysgynsyzja şytyrdap,
Ogluň-gyzyň gözýaşyna,
Suwa düşdüň şapyrdap.
Ýetensoňam başlaýadyň,
Baýguş ýaly jakyrdap.
Äňiň sypara gelýärdi,
Samahyllap, sakyrdap.
Öz etiňi, öz süňküňi,
Gemiripdiň kitirdäp.
Iň soňunda derek tutman,
Pytrap gitdiň pitirdäp.
Laçyn Pürjäýewa
10.09.1998ý.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет