Aglama indi
Aglama indi
(Syrkaw ýigdiň ejesine aýdan sözleri)
Nüçün beýle ejiz bolýar ýürekler ?
Aglama ejemjan ,aglama indi .
Maňa bu gün başga hiç zat gerek däl ,
Aglamasaň bolýar aglama indi.
Ýene-de ýatyryn hassahanada ,
Gürleşeli süýji günler barada,
(Belki soňky günüm soňky sagadym),
Aglama ejemjan, aglama indi.
Nüçün aglaýarsyň men-ä bilemok ,
Ogluň dokuz janlydygny bileňok,
Ýaňja öýlendim men,ölesim gelenok,
Aglama ejemjan , aglama indi.
Öýümizde garaşýandyr çagalam,
Hem garaşýar kakam,gelnim,agalam,
Sen ýylgyrsaň ýigit göwnüm çag bolar,
Aglama ejemjan , aglama indi.
Seret, lukmanlaram "Gutular" diýýär,
Lukmanlarmyz diýse ol hökman bolýar,
Özüňi biderek dertlere salýaň,
Aglama ejemjan , aglama indi.
Ýeri onsaň öz ýagdaýyň ýagşymy?
Çagalaram,obalaram ýagşymy ?
Ýaltanmanjyk ýaşap ýörmi ýaşuly?
Aglama ejemjan , aglama indi .
Bu durmuşda ýaşa mydam hezil etde ,
Gysga ömrüň geçirme sen ezýetde ,
(Nesip bolsa duşuşarys jennetde),
Aglama ejemjan aglama indi.
Gerçeknazar Amannazarow
(Syrkaw ýigdiň ejesine aýdan sözleri)
Nüçün beýle ejiz bolýar ýürekler ?
Aglama ejemjan ,aglama indi .
Maňa bu gün başga hiç zat gerek däl ,
Aglamasaň bolýar aglama indi.
Ýene-de ýatyryn hassahanada ,
Gürleşeli süýji günler barada,
(Belki soňky günüm soňky sagadym),
Aglama ejemjan, aglama indi.
Nüçün aglaýarsyň men-ä bilemok ,
Ogluň dokuz janlydygny bileňok,
Ýaňja öýlendim men,ölesim gelenok,
Aglama ejemjan , aglama indi.
Öýümizde garaşýandyr çagalam,
Hem garaşýar kakam,gelnim,agalam,
Sen ýylgyrsaň ýigit göwnüm çag bolar,
Aglama ejemjan , aglama indi.
Seret, lukmanlaram "Gutular" diýýär,
Lukmanlarmyz diýse ol hökman bolýar,
Özüňi biderek dertlere salýaň,
Aglama ejemjan , aglama indi.
Ýeri onsaň öz ýagdaýyň ýagşymy?
Çagalaram,obalaram ýagşymy ?
Ýaltanmanjyk ýaşap ýörmi ýaşuly?
Aglama ejemjan , aglama indi .
Bu durmuşda ýaşa mydam hezil etde ,
Gysga ömrüň geçirme sen ezýetde ,
(Nesip bolsa duşuşarys jennetde),
Aglama ejemjan aglama indi.
Gerçeknazar Amannazarow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария