Meniň söýgüm (2-nji bölüm)
Meniň söýgüm (2-nji bölüm)
Öýe gele-gelmäne öýdäkiler meni soraga çekip başladylar:
- Gyzy haladyňmy?
- Howwa
- Owadanmy ?
- Howwa
Menden "Howwa" sözüni eşdenimden soňra öýdäkiler haýdan-haý gudaçylyk işine girişdiler. A men bolsa gyz bilen ýene nädip görüşmegiň,nädip gürleşmegiň aladasyny edýärdim. Duşuşykda Dürli maňa "Telefon ulanamok" diýipdi . Telefon ulanmaýan bilen nädip gürleşip bolarka? Ahyry bir bagt maňa-da gülüp bakdy ýagny Bagtygül gelnejem Dürliniň telefon nomerini berdi. Şol günüň özünde Dürlä jaň etdim.
- Alo
- Alo salam !
- Salam
- Gowmy ýagdaýlaň ?
- Ýagşy.Özüň gowmy ?
- Ýagşy menem Hudaýa şükür
- Bäh seň bilenem gürleşmek bar ekenäý.
- Howwa özüm jaň edäýmesem jaňam edeňok.
- Nädip jaň edeýin nomeriňi bilemoga. "Telefon ulanamok" diýdiň.
- Hm şeýlemi ?
- Howwa . Indi şu öz nomeriňmi ?
- Hä
- Şu nomer seňkimi?
- Ýok ejemiňki.
- Onda nädip gürleşmeli seň bilen ? Ýa ejeňe jaň edip gyzyňa ber diýäýeýinmi?
- Ýokla gyz toba . Özüm jaň ederin.
- Bolýar...
Garaz biz şeýdip telefonda gürleşmäne başladyk . Hatda uzakly gije ýatman gürleşýän wagtlarmyzam bolýardy.
(dowamy ýok :)
Gerçeknazar Amannazarow

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
7 комментариев